Tapylan netije sany: 3201
“NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroşi Sasakiniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Nippon” gaznasynyň iňlis dilindäki Ýaponiýa barada tanyşdyryş kitaplarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu guramaçylykly geçirilen çäräniň baş maksady ýurdumyzda ýapon diliniň öwredilşine ýardam bermekden we öwrenijilerde dile bolan gyzyklanmany artdyrmakdan ybaratdyr.
Sowgat hökmünde g...
Türkmenistanyň we Filippinler Respublikasynyň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Filippinler Respublikasynyň Energetika departamentiniň wekilleri bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Geçirilen duşuşyga Filippinler tarapyndan Filippinler Respublikasynyň Energetika departamentiniň Energetika syýasaty we taslamalaşdyryş býurosynyň direktory jenap Maýkl Sinokrus ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda Filippinler Respublikasynyň energetika ulgam...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri «Merkezi Aziýa – Hindistan» dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäginde «Merkezi Aziýa – Hindistan» dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda Daşary işler ministrleri köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny we özara söwda, maýa goýum işleri, senagat hem-de Hindistan bilen ulag aragatnaşygyny berkitmek ýaly ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatl...
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen köpçülikleýin duşuşygyna gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda ýokary döwlet derejesinde ýola goýulan açyk we konstruktiw gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy faktorlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Hindistanyň Premýer-min...
KHBS üçin maglumat
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilmegi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle çözgüdiň türkmen tarapynda aşa düşünişmezlik hem-de alada döredýändigini mälim edýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan migrasiýa babatynda ähli halkara kadalary we düzgünleri berk berjaý edýär. Şu n...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Eýranyň ilatly ýerlerine we desgalaryna alama aşyran raketa urgulary bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylary mälim edýär.
Türkmen tarapy häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegi bilen bagly aladasyny beýan edýär.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen oňyn hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistan güýç ulanylmagyny ýa-da ony syýasy we beýleki meseleleri çözmegiň...
Türkmenistan ynsanperwerlik goldawyny berýär
Türkmenistan halkara goldaw bermek ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, şeýle hem özüniň hemişelik oňyn bitaraplyk derejesi esasynda, BMG-niň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ynsanperwerligiň we raýdaşlygyň ýokary gymmatlyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen ähli zerur çäreleri amala aşyrýar.
Bu çemeleşmäniň aýdyň subutnamasy hökmünde soňky 24 sagadyň dowamynda Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaý sebäpli öz ugurlaryny üýtgetmäge mejbu...
Türkmenistanyň Ilçisiniň Filippinler Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy
2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Ilçisi A.Baýramow (oturýan ýeri Tokio ş.), Filippinler Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Manilada Malakanang köşgünde geçirilen dabaraly kabul edişlige gatnaşdy.
Türkmen diplomaty Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanynyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Filippinler Respublikasynyň baş baýramy mynasybetli mähirli gutlag...
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz we HHR-iň Başlygy mähirli salamlaşyp, “Merkezi Aziýa - Hytaý” sammitiniň çäklerinde duşuşmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Si Szinpin Hytaýda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara we özara bähbitli...
ИНФОРМАЦИЯ
В связи со сложившейся ситуацией на Ближнем Востоке Посольство Туркменистана в Токио выражает готовность оказать содействие иностранным гражданам, относящимся к консульскому округу Посольства (Япония, Республика Филиппины, Австралия и Новая Зеландия), возвратиться из Ирана на Родину через территорию Туркменистана.
В этом случае Посольство просит направить соответствующий запрос с копиями паспортов на адрес электронной почты: consulate_jp@mfa.gov.tm для оказания помощи.