Türkmenistanyň we Filippinler Respublikasynyň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Filippinler Respublikasynyň Energetika departamentiniň wekilleri bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Geçirilen duşuşyga Filippinler tarapyndan Filippinler Respublikasynyň Energetika departamentiniň Energetika syýasaty we taslamalaşdyryş býurosynyň direktory jenap Maýkl Sinokrus ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda Filippinler Respublikasynyň energetika ulgamyndaky häzirki ýagdaýy, geljekki ösüş meýilnamalary we halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine bolan gyzyklanmalary beýan edildi.
Türkmen tarapyndan bolsa ýurdumyzyň uglewodorod we himiýa serişdelerini özleşdirmekde alnyp barylýan döwlet maksatnamalary, energetika we himiýa senagatlarynda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak maksady bilen giňişleýin maglumatlar berildi.
Taraplar özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijesinde taraplar bu gatnaşyklaryň geljekde hem yzygiderli dowam etdirilmegine we degişli ugurlar boýunça bilelikdäki teklipleriň taýýarlanylmagyna gyzyklanma bildirdiler.