Tapylan netije sany: 3201
Türkmenistanyň DIM-nde Hindistan Respublikasynyň DIM-niň Sekretary bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hindistan Respublikasynyň DIM-niň Günbatar işleri boýunça Sekretary Sibi Jorjyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkme-hindi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny, şeýle hem sebitleýin we halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ýo...
Türkmenistanyň DIM-nde FAO-nyň Baş direktory bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktory Sýu Dunýuý bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň FAO bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Türkmen tarapy FAO bilen amaly hyzmatdaşlygy, şol sanda bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek arkaly mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
2...
Türkmen mekdep okuwçylarynyň işleri «Çäksiz sungat» atly ýapon sungat sergisinde görkeziler
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň goldawy bilen, türkmen mekdep okuwçylary 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwaryndan 1-nji fewraly aralygynda Tokio şäherinde geçiriljek «Çäksiz sungat» atly mekdep okuwçylarynyň surat sergisine gatnaşarlar.
Agzalan sergi Tokio şäheriniň Milli sungat merkezinde «Ýaponiýa-Ýewraziýa» jemgyýeti we «SUMI» Halkara assosiasiýasy tarapyndan bilelikde gurnalýar.
Ýurdumyzda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yg...
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuýy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga zerur üns berýändigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, Suý Dunýuý Türkmenistanyň ählumumy ekologik derejede abadançylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň ähmiýe...
Aşgabatda SPECA hepdeliginiň çäginde Ykdysady forum öz işine başlady
2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde Ykdysady forum öz işine başlady.
Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň we beýleki düzüml...
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Myhman şu ýylyň 20 – 23-nji ýanwary aralygynda geçirilýän ýokary derejedäki SPECA hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň UNECE bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, şol sanda durnukly ösüş, energet...
Türkmenistanyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Şombi Şarpyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtamak bilen, durnukly ösüş, ulag we energetika, tebi...
Aşgabatda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Aşgabatda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO), Ösüş maksatnamasynyň, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyş...
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Tokio şäherinde Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Tokioda Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen duşuşdy.
Duşuşygyň maksady 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny, şol sanda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin Türkmenistanda bilelikdäki ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Ýapon tarapy 2025-nji ýylyň 20-nji dekabr...
Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy hem-de Türkmenistan...