Tapylan netije sany: 3201
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Liberal Demokratik Partiýasynyň Halkara gatnaşyklary boýunça müdürliginiň Baş direktory Taro Kono bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Liberal Demokratik Partiýasynyň Halkara gatnaşyklary boýunça müdürliginiň Baş direktory Taro Kono bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda Ilçi A.Baýramow türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan işlerine öz minnetdarlygyny bildirdi.
Duşuşykda taraplar iki ýurduň syýasy partiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, has takygy Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Ýaponiýanyň L...
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Ýaponiýanyň Ykdysady howpsuzlyk boýunça ministri bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 26-njy martynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Ykdysady howpsuzlyk boýunça ministri Kimi Onoda bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda Ilçi A.Baýramow türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan işlerine öz minnetdarlygyny bildirdi.
Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, has takygy emeli aň (AI) we sanly özgeriş, ylym we innowasiýa hyzmatdaşlygy, ýaşyl tehnologiýalar, bilimi ösdürmek we zehi...
Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky (oturýan ýeri Tokio ş.) Ilçisi A.Baýramow Filippinler Respublikasynyň Ýaponiýadaky Ilçisi hanym Mylene J. Garcia-Albano bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky (oturýan ýeri Tokio ş.) Ilçisi A.Baýramow Filippinler Respublikasynyň Ýaponiýadaky Ilçisi hanym Mylene J. Garcia-Albano bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda, Ilçi A.Baýramow hanym Mylene J. Garcia-Albano türkmen-filippin gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan işlerine öz minnetdarlygyny bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary- birek birege ýokary derejedäki saparlary guramak...
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.
Dabarada, ilki bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu ýerde guralýan medeni çärelere gatnaşyjylara iberen...
Türkmenistanyň DIM-de «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi.
Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň düzüm birlikleriniň hemişelik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň çäklerinde gatnaşyjylar Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa ge...
Türkmenistan we Ýaponiýa galyndylary gaýtadan işlemek tehnologiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Aşgabatda galyndylary gaýtadan işlemek we sirkulýar ykdysadyýete geçmek meseleleri boýunça ilkinji türkmen-ýapon «tegelek stol» duşuşygy geçirildi.
Duşuşygy Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Sasaki Hiroşi we Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekili Işi Hidehiko açdy. Çärede ýapon kompaniýalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň degişli edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem ekologiya ulgamyndaky bilermenler gatnaşdylar.
Duşuşykda esasy hasabat bilen Kumamoto uniwersitetini...
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Muroosystems Corporation» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda maglumat merkezlerini döretmek we ösdürmek babatda degişli Ähtnama gol çekildi
2026-njy ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Ýaponiýanyň «Muroosystems Corporation» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ž. Panyň Türkmenistanyň Aragatnaşyk we Energetika ministrleri bilen degişli duşuşyklary geçirildi.
Agzalan ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri bilen duşuşygynyň çäklerinde «Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Muroosystems Corporation» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda magluma...
Türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň täze saýlanan başlygy Matsuşita Şinpeý bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi Matsuşita Şinpeýi Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň başlygy wezipesine bellenilmegi bilen gutlady.
Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine we möhüm ugurlara degişli meselelere, hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny...
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti H.Koinuma hem-de bu assosiasiýa bilen bilelikde iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ozaldan ýola goýlan ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, şeýle hem bu ugurda türkmen bazaryna mümkin bolan täze ýapon kompaniýalaryny we guramalaryny tanyş...
Türkmenistanyň we Tunis Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Tunis Respublikasynyň Daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtlarda ýaşaýan tunislileriň işleri boýunça ministri Mohamed Ali Naftiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Netijeli häsiýetde geçen söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy-diplomatik dialogy mundan beýläk-de pugtalandyr...