Tapylan netije sany: 3201
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow “Nagatakai” çäresine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramow ýurduň häkimiýet başyndaky Liberal Demokratik Partiýasy (LDP) tarapyndan guralan “Nagatakai” çäresine gatnaşdy.
Çykyşynda Ilçi Türkmen-Ýapon gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň, syýasy, parlamentara we partiýa gatnaşyklaryny, şeýle hem hyzmatdaşlygyň ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlaryny ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.
Bu çäräniň çäginde Ilçi Ýaponiýanyň Liberal Demokratik Partiýasynyň Baş sekretary Şuniçi Suzuki b...
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ministrler geljekki iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň taýýarlygy we geçiri...
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapachenko hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili Narine Saakyan bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ul...
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran sapary barada
2026-njy ýylyň 10–12-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy.
Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň wise-prezidenti Taro Aso, şol partiýanyň Baş sekretary Şýuniçi Suzuki, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Sinpeý Masuşita, şeýle hem Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament orunbasary Arfiýa Eri bilen duşuşyklar geçirildi....
Türkmenistanyň Ilçisi Filippinler Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli döwlet çärelerine gatnaşdy
Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Tokio ş.) A. Baýramow 2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Filippinler Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 128 ýyllygyna bagyşlanan döwlet çärelerine gatnaşdy.
Şol çäreleriň dowamynda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň baştutany Filippinler Respublikasynyň Prezidenti jenap Ferdinand Markos tarapyndan kabul edildi. Şeýle hem Daşary işler boýunça sekretary hanym Tereza Lazaro bilen söhbetdeşlik geçirildi we Filippinler Re...
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Tokio şäheriniň Häkimi Ýuriko Koike bilen bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Tokio şäheriniň häkimi Ýuriko Koike bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ösdürmek babatda pikir alyşyldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagyň türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen alyp barýan syýasatyna ýokary baha berildi. Hususanda, 2025-nji ýylyň aprel we dekabr aýlar...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hiroşi bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen–ýapon gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtap, özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem ýokary derejedäki işjeň syýasy dialogyň hem-de degişli edaralaryň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň ik...
Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurlan Nogaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň dowam...
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary başlandy
2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar täze sepgitlere çykarylýar. Iki ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem netijeli häsiýete eýedir. Türkmenistanyň we Malaýziýanyň iri halka...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda bir gün öň Aşgabada resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimi resmi garşylamak dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji saparyna iki döwleti...