Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilen senesi mynasybetli maslahat
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty özüniň döredilmeginiň 10 ýyllyk senesini dabaraly ýagdaýda belleýär. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Halkara gatnaşyklary institutynda “Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylyň 20-nji martynda döwlet Baştutanymyzyň bu instituty döretmek hakyndaky çözgüdi ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça bir bitewi ulgamyň kemala getirilmeginiň başlangyjyna öwrüldi. Munuň özi daşary syýasat we halkara gatnaşyklary ulgamynda hereket edýän döwlet düzümlerinde häzirki zaman ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýan hünärmenleriň üpjünçiligine gönükdirildi.
Bu çözgüt Türkmenistanyň dünýä giňişligine, halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulmagynyň möhüm şertini emele getirdi. Bu bolsa ugurdaş bilimi we tejribesi bolan täze hünärmenleriň taýýarlanmagyny ýüze çykardy. Häzirki döwürde Halkara gatnaşyklary instituty Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny alyp barýan, daşary ýurtlarda Türkmenistana wekilçilik edýän we onuň milli bähbitlerini goraýan hem-de Watanymyzyň halkara abraýynyň berkidilmegi ugrunda degişli işleri alyp barýan türkmen diplomatlarynyň täze nesillerini kemala getirmek boýunça jogapkärli wezipäni alyp barýar.
Institut döredileninden bäri halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy, halkara hukugy, halkara ykdysady gatnaşyklary we halkara žurnalistikasy boýunça 400-den gowrak hünärmenleri taýýarlady. Olar häzirki döwürde döwlet düzümlerinde, döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda, halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarda gulluk edýärler.
Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we diplomatik akademiýalarynyň hünärmenleri bilen tejribe alyşmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmek institutyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ýokary okuw mekdebinde daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda halkara gün tertibiniň dürli meseleleri boýunça ylmy-amaly maslahatlar, seminarlar we duşuşyklar yzygiderli geçirilip durulýar.
Bu gezekki forumyň işine ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary, Daşary işler ministrliginiň işgärleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Garaşsyz Türkmenistan häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň mynasyp we abraýly ornuny eýeleýär, giň hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Aýdyň maksatlara we anyk ýörelgelere esaslanan daşary syýasaty alyp barmak bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň ileri tutýan maksatlaryna, ilkinji nobatda bolsa, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen derwaýys başlangyçlar bilen çykyş edýär diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.
Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşynda netijeli döwletara gatnaşyklary goldamak boýunça syýasy-diplomatik ugurlara we çözgütlere aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe rezolýusiýalar kabul edildi. Olarda sebitleýin durnuklylygy we howpsuzlygy, energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçelgelerini berkitmek, ulag-aragatnaşyk düzümlerini ösdürmek ýaly tutuş adamzat üçin has möhüm bolan ugurlar anyklaşdyryldy.
Häzirki şertlerde halkara gatnaşyklary netijeli ösdürmekde diplomatik işgärleriň ýokary hünär ussatlygynyň, çuňňur biliminiň we zehininiň, hemmetaraplaýyn taýýarlygynyň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz diplomatiýanyň milli mekdebini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin döwlet derejesinde ähli zerur şertleriň üpjün ediljekdigini nygtady.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarlydygyny we bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de umumy bähbitleriň hormatyna hyzmatdaşlyk gatnaşyklara ygrarlydygyny iş ýüzünde subut etmek arkaly bu ýörelgeleri özüniň daşary syýasatynyň binýatlyk esasy hökmünde ykrar edýändigini nygtadylar.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we üstünlikli durmuşa geçirilýän “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň “2017 — 2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasynda” daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy artdyrmak ýörelgelerini nazarlaýandygyny nygtadylar.
Watanymyzda 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi bu gadymy ugruň täze görnüşde dikeldilmegi boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylmagyny şertlendirjekdigine, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdiler. Bu strategik ähmiýetli halkara ugruň häzirki şertlerde dikeldilmegini baş wezipe hökmünde kesgitlän Türkmenistan özüniň diplomatiýasyny bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginde işjeň peýdalanýar.
Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, yklymüsti üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak hem-de degişli halkara-hukuk gurallary işläp taýýarlamak boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygy bellenildi.
Şu ýylyň 8-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň BMG-niň Owganystanda halkara tagallalary goldamak barada Rezolýusiýasy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Milletler Bileleşiginiň esasy düzümleriniň biri bolan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bu resminamasynda döwletimiziň goňşy ýurduň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek boýunça amala aşyrýan çärelerine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy. Onda Türkmenistanyň ulag we energetika, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, gurlyşygynyň, Türkmenistandan Owganystana çekilen demir ýoluň, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek hakyndaky ylalaşygyň, gurluşygynyň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.
Mälim bolşy ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek çärelerine 2015-nji ýylyň dekabrynda başlandy. Ýakynda bolsa bu gaz geçirijiniň owgan böleginiň gurluşygyna hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijini gurmak we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça işlere badalga berildi. Şeýle hem Kerki — Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça demir ýol gatnawlary açyldy.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bu Rezolýusiýany kabul etmekde alyp baran giň möçberli işlerini nazara almak bilen, amatly şertleri üpjün etmek hem-de ýokarda agzalan taslamalary we ylalaşyklary amala aşyrmak maksady bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak işlerine gyzyklanma bildirilýän ähli taraplar çagyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu resminamanyň kabul edilmegi mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Türkmenistan ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän hem-de anyk esaslandyrylan daşary syýasat ugruny saýlap aldy. Rezolýusiýanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň Merkezi Aziýa sebitinde halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky hyzmatlarynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ol Türkmenistana uzak möhletleýin meýilnamalary we Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklar strategiýasyny ynamly amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Öňde durýan maksatlara ýetmekde ýokary hünärli diplomatik işgärlere, halkaraçy hünärmenlere möhüm orun degişlidir. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny ösdürmek, türkmen döwletiniň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny we abraýyny pugtalandyrmak üçin has oňyn şertleriň we ýagdaýlaryň döredilmegini üpjün eder.
Bu gezekki maslahatyň dowamynda häzirki döwürde bu ugur boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň yzygiderli ylmy gözlegler, daşary syýasat maksatnamalarynyň amaly meselelerini işläp taýýarlamak çäreleri bilen utgaşykly alnyp barylýandygy bellenildi. Şunlukda, DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty diňe bir mugallymçylyk ugry däl, eýsem, halkara gatnaşyklar we daşary syýasat bilen baglanyşykly meseleleri amaly taýdan işläp taýýarlamagy ugur edinýän ylmy edara bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýpli ýörelgelerini, täzeçil daşary syýasat başlangyçlaryny we tekliplerini çuňňur öwrenmek institutyň ylmy-barlag işleriniň esasy ugry bolup durýar.
Ýokary diplomatiýa mekdebiniň işini kämilleşdirmek maksady bilen, bu ýerde Durnukly ösüş maksatlary boýunça Ylmy-usulyýet merkezi hem-de Türkmenistanyň diplomatik gulluklary üçin edara ediş-tehniki işgärleri taýýarlamak baradaky Okuw merkezi açyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň dürli ugurlaryny, onuň halkara başlangyçlaryny beýan edýän anyk we dürs maglumatlary bolan ösen islegleri kanagatlandyrmak üçin zerur şertleriň döredilmeginiň wajyplygy ýüze çykýar. Ýurdumyzyň DIM-niň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” ady bilen çap edilýän ylmy-amaly žurnaly hut şu wezipelere gulluk edýär. Ol alymlaryň we diplomatlaryň özara pikir alyşmalary üçin oňyn hem-de netijeli binýat bolup durýar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň diplomatik gullugyny kämilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk sözleri beýan edildi hem-de türkmen diplomatlarynyň Watanymyzyň halkara giňişligindäki bähbitlerini mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirildi.
Institutyň binasynyň eýwanynda hut şu çärä bagyşlanan sergi guraldy. Onda milli Liderimiziň kitaplary, şeýle hem institutyň mugallymlary tarapyndan taýýarlanylan ylmy işler, sözlükler we okuw gollanmalary esasy orun eýeledi. Şeýle hem bu ýerde görkezilýän gymmatlyklar bu ýokary okuw mekdebiniň üstünlikleri we ýeten derejesi barada gürrüň berýär.