Energetika ulgamynda sebit hyzmatdaşlygy

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Aziýanyň ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (MASYH)” maksatnamasynyň energetika ugry boýunça utgaşdyryjy komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. 

Foruma Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Ýaponiýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, BMGÖM-niň hem-de ÝUSAID-niň wekilleri gatnaşdylar. 

Mejlisiň gün tertibine MASYH-nyň işiniň gündelik ugurlaryny seljermek, energetika ulgamyna ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, iş meýilnamasyna syn bermek we Merkezi Aziýa sebitinde hem-de dünýäde energetika pudagynyň ösüşini çaklamak bilen baglanyşykly meseleler girizildi. 

Ýurdumyzda geçirilýän şeýle wekilçilikli forumda bu ulgamyň esasy meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy eziz Watanymyzyň daşary ýurtlardaky abraýynyň barha artýandygyny ýene-de bir gezek görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň açyklyk syýasatyny durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan özüni sebit we dünýä möçberlerinde, şol sanda energetika ulgamynda halkara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin ähmiýetli meýdança hökmünde görkezdi. 

Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň iberilýän möçberlerini artdyrmaga hem-de olaryň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen meýilnamalaryna we anyk hereketlerine MASYH maksatnamasyna gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha berilýär. Şu babatda ýurdumyz sebitde sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirmek bilen, anyk taslamalaryň ençemesini amala aşyrýar. 

Türkmenistanda “Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyny 2013 — 2020-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasy” işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Ony durmuşa geçirmegiň çäklerinde soňky 5 ýylyň dowamynda gazturbina elektrik stansiýalarynyň 6-sy ulanmaga berildi. Kuwwaty 1574 MWt bolan utgaşykly elektrik stansiýasynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Mundan başga-da, sarp edijilere edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek üçin ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. 

2018-nji ýylyň 8-nji martynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Owganystanda halkara tagallalary goldamak barada Rezolýusiýa kabul edildi. Onda Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda halkara taslamalar boýunça öňe süren başlangyçlarynyň, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoluny, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesini gurmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenilýär. 

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň ählisini şu taslamalary goldamaga hem-de olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge çagyrdy. Şeýlelikde, sebit hem-de sebitara gatnaşyklary ösdürmek işinde Türkmenistanyň eýeleýän işjeň orny BMG tarapyndan berk goldawa mynasyp bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýändigini nobatdaky gezek subut etdi. 

23-nji fewralda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna hem-de täze elektrik geçirijiniň çekilmegine badalga berildi. Bu gaz geçirijiniň düzümleýin desgalarynyň ählisiniň energiýa üpjünçiliginden başga-da, geljekki elektrik geçiriji ulgam Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna elektrik energiýasyny eksport etmäge mümkinçilik berer. Şol ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy hem alnyp barylýar. Munuň özi üç ýurduň arasynda, maglumat-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, Aziýa sebitiniň şu böleginde goşulyşmak hereketiniň güýçlendirilmegine ýardam eder. 

“Mawy ýangyjyň” gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlarda durýan “Galkynyş” ýatagyndan gözbaş alýan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitde möhüm durmuş meselelerini çözmek bilen birlikde parahatçylygy pugtalandyrmaga hem-de durnukly ösüşe ýardam eder. Täze iş orunlarynyň müňlerçesini döretmäge mümkinçilik bolar. Bu giň möçberli taslama Aziýa ösüş banky hem işjeň gatnaşyp, hemmetaraplaýyn goldaw berýär. 

Mejlise gatnaşyjylar açyklyk, deňlik we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan sebitde goşulyşmak çäresiniň durnukly ösüş üçin ygtybarly gural bolup durýandygyny bellediler. Gadymy taryhy ýoly gaýtadan dikeltmäge, şol sanda halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly dikeltmäge gönükdirilen tagallalaryň netijesinde ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän 2018-nji ýyl Aziýa sebitiniň çalt depginler bilen ösmegine beslener. 

Ýygnananlar şu Aşgabat duşuşygynyň MASYH maksatnamasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler. 

14-nji martda Aziýanyň ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (MASYH)” maksatnamasynyň energetika ugry boýunça utgaşdyryjy komitetiniň mejlisi dowam etdiriler.