Türkmenistanyň Prezidenti BMG-NIŇ çäklerinde täze başlangyçlary öňe sürýär

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ýene iki Kararnamany kabul etmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikde ynsanperwerlik ýörelgelerini berkitmek başlangyçlarynyň, onuň döredijilik we parahatçylyk söýüji mümkinçilikleriniň giňden ykrar edilýändigini alamatlandyrdy. 

Milletler Bileleşigi 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy bilen Türkmenistanyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ugur boýunça döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça alyp barýan ägirt uly işlerini oňlady we goldady. 

Ýurdumyzda alnyp barylýan işler milli Liderimiziň yzygiderli gözegçiliginde durýar. Döwlet Baştutanymyz diňe bir teklipleri öňe sürmek we olary guramak boýunça anyk görkezmeleri bermek bilen çäklenmän, eýsem, köpçülikleýin sport çärelerine, bag nahallarynyň oturdylmagyna we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine, halkymyzyň hem-de her bir raýatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen çärelere hem badalga berýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň müňlerçesini jemleýän welosipedli ýörişleri yzygiderli guramak ýaly asylly ýörelgeleriň düýbüni tutdy. Awtoulagsyz günüň yglan edilmegi jemgyýetimizde ekologiýa jogapkärçiligine çagyryş bolup durýar. Köpçülikleýin ýowarlar ýurdumyzyň her bir raýatyna mähriban topragymyzyň gülläp ösýän ülkä öwrülmegine mynasyp goşant goşmagyna mümkinçilik berýär. 

Munuň özi milli maksatnamalarda we kanunçylyk taýdan berkidilen strategiýalarda kesgitlenen anyk wezipelere laýyklykda, yzygiderli esasda alnyp barylýan ählumumy we ägirt uly işleriň, şeýle hem iri maýa goýum çäreleriniň diňe käbir tapgyrlarydyr. Döwletimiz tarapyndan durmuş ulgamyndan başlap, senagat ugurlaryna çenli ähli pudaklarda sagdynlyk we ýokary ekologiýa derejesi üçin pugta hukuk we guramaçylyk binýady döredildi. 

Döwlet Baştutanymyzyň sporta, ilkinji nobatda bolsa, ynsan saglygyny berkitmegiň möhüm serişdesine bolan aýratyn gatnaşygy Türkmenistanyň ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy, sagdyn we ruhy taýdan kuwwatly nesilleriň terbiýelenmegini esasy ugur edinýän durmuş syýasatynda möhüm orny eýeleýär. 

Häzirki döwürde Türkmenistanda sporta höwesekleriň sany artýar. Jemgyýetimizde sportuň ähmiýeti ýokarlanyp, ol häzirki döwrüň baş ýörelgesine öwrülýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şahsy görelde bolýar. Soňky ýyllarda türkmen ýaşlarynyň arasynda ýurdumyzda täzeden diýen ýaly dikeldilen welosiped sporty işjeň ösdürilýär we ol aýratyn meşhurlyga eýe bolýar. 

Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýeti 124 ýyl mundan ozal, 1894-nji ýylda döredildi. Bu jemgyýetiň döredilen wagtyndan bir ýyl geçenden soň, Türkmenistanda welosportuň ösdürilmeginiň başyny başlan welosipedçileriň ilkinji bäsleşigi geçirildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň gadymy ýörelgeleri bar. Häzirki döwürde BMG-niň Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen bolsa ol täze derejä çykýar. 

Aziada — 2017-niň maksatnamasyna welotregiň goşulandygyny bellemelidiris. Sportuň bu ajaýyp görnüşi boýunça guralan ýaryşlar Olimpiýa şäherçesindäki ýapyk welotrek toplumynda geçirildi. Onuň welosiped ýodalary halkara ülňülere we şeýle desgalara bildirilýän häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. 

Bu ýerde döredilen şertler halkara ýaryşlary we turnirleri, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Desgada ähli zerur düzümler göz öňünde tutuldy. Bu bolsa türgenler we tälimçiler, tehniki we hyzmat edýän işgärler, şeýle hem welosportuň muşdaklary bolan tomaşaçylar üçin zerur mümkinçilikleri üpjün edýär. 

Aşgabatda Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda ýapyk welotregiň ulanmaga berilmegi milli welosiped sporty hereketiniň taryhynda täze sahypany açdy. Şeýle görnüşli desga Türkmenistanda ilkinji gezek guruldy. Bu desganyň hiline diňe bir ýaryşlara gatnaşyjylar däl-de, Halkara welosipedçiler birleşiginiň hünärmenleri hem ýokary baha berip, bu ýerde dünýä çempionatlaryny geçirmäge gyzyklanma bildirdiler. 

Ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosiped mähriban diýarymyz boýunça hereket etmegiň we gezelençleri guramagyň oňyn serişdesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň, amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamagyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny yzygiderli belleýär. 

Aşgabatda we paýtagtymyzyň töwereklerinde bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde tokaý zolaklarynyň gerimi giňelýär. Her ýylda täze bag nahallarynyň 3 milliony oturdylýar. Aşgabadyň şäherýakasyndaky ýollarda welosiped sporty boýunça iri, şol sanda halkara derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin mümkinçilikler bar. Welosiped sürmek diňe bir syýahatçylygyň ýaýran görnüşleriniň biri bolman, eýsem ol beden saglygyny we ruhubelentligi saklamak üçin türgenleşigiň meşhur görnüşleriniň biri bolup durýar. 

Welosipedli gezelenç etmek ynsanda ýakymly duýgy döredýär we şol bir wagtyň özünde daşky dünýäni öwrenmäge, tebigatyň täsin we ajaýyp künjeklerinde bolmaga, ekologiýa zyýan ýetirmezden olara syn etmäge mümkinçilik berýär. Adamzadyň iň ajaýyp oýlap tapyşlary hakynda halkara pikir soraşmalaryň biriniň netijesinde welosipediň ýeňiji diýlip ykrar edilmegi hem tötänden däldir: sesleriň sany boýunça ol bilelikde alnanda, telefon we internet ýaly oýlap tapyşlardan hem öňe geçdi! 

Dünýäniň ähli sebitlerine wekilçilik edýän 56 ýurduň BMG-niň “Bütindünýä welosiped güni” hakyndaky resminamasynyň döredijisi hökmünde çykyş etmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren bu başlangyjynyň örän wajypdygyna şaýatlyk edýär. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport bilen yzygiderli meşgullanmak sagdynlygy we ruhubelentligi saklamaga ýardam edýär. Işjeňligi ýokarlandyrýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesine, sporta ygrarlylykda, eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň bähbidi üçin ýadawsyz zähmet çekmekde ildeşlerimiziň ählisine görelde bolýar. 

“Bütindünýä welosiped gününiň” yzysüre beýleki bir Kararnama — “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky” Kararnama kabul edildi. Ol ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň, hususan-da, Aral meselesini çözmek boýunça bilelikdäki işiň doly derejeli halkara guralyny döretmäge degişlidir. 

Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna (AHHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aral deňzi sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça birnäçe teklipleri durmuşa geçirýär. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa we suw diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berýär. “Ýurdumyzyň ekologiýa ulgamynda durmuşa geçirýän döwlet strategiýasy jemgyýetiň we tebigatyň ösüşini sazlaşdyrmaga gönükdirilendir” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar. 

Türkmenistan AHHG-niň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmekde onuň ähmiýetini artdyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary edýär. Ýurdumyz AHHG-de başlyklyk edýän döwründe milli Liderimiziň syýasy erk-isleginiň netijesinde bu guramanyň işiniň köp ugurlary ösüşe eýe boldy, hususan-da, Aral ýakasynda, tutuş Merkezi Aziýada ekologiýa deňagramlylygyny dikeltmek hem-de durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak boýunça netijeli işleri amala aşyrdy. 

Aral meselesi dünýä bileleşigi tarapyndan XXI asyryň iri ekologiýa betbagtçylygy hökmünde ykrar edildi. Bu mesele aýratyn bir sebitiň çäginden çykyp, ählumumy meselä öwrüldi. Şoňa görä-de, öňde bilelikde amala aşyrylmaly işler köp. BMG bilen özara gatnaşyklar suw, energetika, ekologiýa, durmuş wezipelerini çözmek boýunça has giň möçberli çäreleri işläp taýýarlamaga we kabul etmäge mümkinçilik berer. 

Milli Liderimiziň 2017-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşan mahaly hem bu mesele gozgaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Aral üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek hakyndaky başlangyjyny aýratyn bellemelidiris. Onda sebitde ekologiýa ýagdaýyny durnuklaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalar beýan edilmelidir. 

Araly halas etmegiň halkara gaznasy düzümi we wezipesi boýunça özboluşly guramadyr. Ol özüniň hereket eden döwründe gatnaşyjy ýurtlaryň hil taýdan täze döwletara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, çylşyrymly suw hojalyk meselelerini oňyn we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda çözmäge ýardam etdi. Bu tejribe BMG-niň tejribesinde şeýle meseleleriň ýüze çykýan beýleki ýerlerinde hem ulanylyp bilner. 

Şeýlelikde, Türkmenistanyň AHHG-ä başlyklyk etmegi dünýä bileleşigi tarapyndan Durnukly ösüş maksatlarynyň hem-de howa boýunça Pariž ylalaşygynyň kabul edilmegini nazara almak bilen gaznany dörediji ýurtlaryň arasynda, şeýle hem BMG-niň ugry boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berdi. Galyberse-de, işiň birnäçe ugurlary, şol sanda energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, ulag we söwda ugurlary bar. Bu ulgamlarda sebit hyzmatdaşlygy 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda tassyklanan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy ösüşiň gün tertibinde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine saldamly goşant goşup biler. 

Bilelikde tebigatdan jogapkärçilikli peýdalanmak häzirki döwürde ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşiniň ýeke-täk ýoludyr. Hormatly Prezidentimiz dünýä bileleşigini hut şuňa çagyrýar. Milli Liderimiziň Aşgabatda BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça edarasyny döretmek baradaky başlangyjyny ýatlatmalydyrys. Ekologiýa ulgamynda bilelikde işlemek bu düzümiň işiniň möhüm bölegi bolmalydyr. 

Umuman, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi, ýurdumyzyň üstünlikli parahatçylyk döredijilikli syýasaty BMG-niň çäklerinde döwletleriň arasyndaky oňyn gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm şerti bolup durýar. BMG-niň täze Kararnamalarynyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy diplomatiýasynyň nobatdaky uly üstünligidir we milli Liderimiziň halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmekdäki, tutuş dünýäniň halklarynyň abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy netijeli hem-de döredijilikli ösdürmekdäki hyzmatlarynyň ýene-de bir ykrarnamasydyr.