TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PEKINDE GEÇIRILÝÄN «BIR GUŞAK, BIR ÝOL» III ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞÝAR

2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy.

Giň gerimli maslahata 140-dan gowrak ýurtdan hem-de iri halkara guramalaryň 30-dan köpüsinden wekiller, şol sanda döwlet Baştutanlary, guramalaryň, ministrlikleriň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin foruma gatnaşyjylara Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” taslamasynyň çäklerinde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, netijeli halkara gatnaşyklaryň maksatdyr wezipelerine bagyşlanan maksatnamalaýyn çykyşy bilen ýüzlendi. Bellenilişi ýaly, bilelikde maslahatlaşmak, gurmak we peýdalanmak, açyklyk, ekologik ugur, ýokary ölçegleriň, halklaryň abadançylygynyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi bu konsepsiýanyň bilelikde ýokary hilli kemala getirilmeginiň möhüm ugurlarydyr.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şu gezekki forum HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň öňe süren başlangyjynyň onýyllygynyň dolan döwründe geçýär hem-de, hakykatdan-da, örän möhüm, ählumumy derejeli, uzak geljege, has adalatly köpugurly parahatçylygyň, gatnaşyklar ulgamynyň kemala gelmegine gönükdirilendir. Wagtyň bu strategiýanyň uly islege eýedigini subut edendigine aýratyn üns çekildi.

Öz çykyşynda Arkadag bu duşuşygyň geçirilmegi örän derwaýys we zerur wakadygyny belledi. Soňky döwrüň ýagdaýlary — pandemiýa, durnuksyzlygyň artmagy, ynanyşmagyň peselmegi ählumumy ykdysady işjeňlige ýaramaz täsirini ýetirdi, özara arabaglanyşykda kynçylyklary ýüze çykardy, durnukly ösüş ulgamynda meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň derejesini peseltdi.

Şu ýaramaz ýagdaýlary ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi, hoşmeýilli erk-islege daýanýan döredijilikli, oňyn gün tertibini berkarar etmek işinde olaryň raýdaşlygy, jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi talap edilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Şu nukdaýnazardan, “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” türkmen strategiýasy many-mazmuny boýunça Türkmenistanyň Ýewraziýanyň geljekki geoykdysady landşafty baradaky garaýyşlaryna, şeýle hem Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” strategiýasyna laýyk gelýär. Şunda deňhukuklylyk, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we ykrar etmek, özara bähbitlilik, medeni, ruhy gymmatlyklaryň köpdürlüligine hormat goýmak esasy ýörelgeler hökmünde çykyş edýär. Hyzmatdaşlygyň syýasylaşdyrylmagyny aradan aýyrmak, energetika we ulag akymlarynyň birtaraplaýynlygyndan el çekmek, olaryň giň halkara gatnaşyklar üçin diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, elýeterliligini üpjün etmek türkmen tarapynyň çemeleşmesiniň möhüm ugry bolup durýar.

Türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň baý taryhy tejribesine daýanmak, häzirki wagtda özara obýektiw bähbitleriň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa bu iki strategiýanyň durmuşa geçirilmegi, olaryň utgaşdyrylmagy, biri-biriniň üstüniň ýetirilmegi babatda hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Olaryň ikisiniň hem Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berip, Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda giňişlikleri birleşdirip, özara baglaşan önümçilik we tehnologik tapgyrlary, senagat guşaklaryny kemala getirmek bilen, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, abadançylygyny artdyrmaga gönükdirilendigine üns çekildi.

Türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygy şeýle çemeleşmäniň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi. Hususan-da, 2009-njy ýylda Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçirijiniň işe girizilmegi yklymyň energetika ulgamynda gatnaşyklaryň täze arhitekturasynyň kemala gelmeginiň başyny başlady, özara bähbitlilik we deňhukuklylyk esasynda beýleki döwletleriň taslamasyna goşulyşmak mümkinçiliklerini açdy. Beýleki iri halkara taslama — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem hut şu nukdaýnazardan amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri beýleki bir möhüm ugruň ulag bilen baglanyşyklydygyny belläp, häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag-logistika düzüminiň köpşahaly ulgamyny döredýändigini aýtdy. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özüne birleşdirer. Munuň özi Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalary durmuşa geçirmek, Hazar deňzinde täze port infrastrukturasyny döretmek bilen baglylykda örän derwaýysdyr. Hususan-da, gürrüň Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginiň üsti bilen Hazaryň türkmen kenaryna, şeýle-de Eýrana, Ýakyn we Orta Gündogara uzaýan ulag geçelgeleri barada barýar. Bu geçelge Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, Günorta Aziýa ýurtlaryna barýan ugurlarda hem ulanylyp bilner.

Halkara geçelgeleriň, logistik ulgamlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerinde umumy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen ylalaşykly ulag diplomatiýasy barha uly ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, durnukly ulag ulgamynda ählumumy dialogyň başyny başlaýjylaryň biri bolmak bilen, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda bu ugurda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýändigini nygtamak gerek. Ýurdumyzyň tutanýerli, maksada okgunly işiniň netijesinde, Baş Assambleýa tarapyndan soňky ýyllaryň dowamynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça ulag ulgamynda Kararnamalaryň altysy kabul edildi.

Önümçilik işiniň we daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. Biziň “Ýaşyl Ýüpek ýola” garaýşymyzyň many-mazmuny şuňa esaslanýar.

Ykdysadyýetde özara arabaglanyşyk, tehnologiýalary, tejribäni we usullary halkara derejede alyşmak dünýä ösüşiniň obýektiw meýilleri bolup durýar. Olar önümçilikde has ysnyşykly kooperasiýany, goşulyşmak babatdaky tehnologik we sanly binýatlaryň, bilelikdäki kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Bularyň ählisi diňe bir tehniki babatda däl, eýsem, ählumumy derejede-de hyzmatdaşlygyň bitewi we durnukly logistikasyny döretmäge ýardam etmelidir.

Biziň pikirimizçe, häzirki wagtda “syýasy logistika” düşünjesi örän wajypdyr. Ony ykdysady ösüşiň we hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky garaýyşlaryny hem-de mümkinçiliklerini paýlaşýan döwletleriň özara gatnaşyklarynyň köpugurly ulgamy hökmünde görýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we şol hyzmatdaşlyga syýasylaşdyrmakdan, könelişen ideologik ýörelgelerden azat bolmak, deňlige, özara hormat goýmaga we birek-biregiň bähbitlerini nazara almaga esaslanmak hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Ägirt uly kuwwata eýe bolan onlarça döwletiň wekilleriniň gatnaşýan şu wekilçilikli we abraýly forumynyň bu işe hem-de öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýeterlik derejede itergi bermäge ukyplydygyna şübhelenmeýärin diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň ahyrynda belledi.

“Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatynyň jemleri boýunça Özara baglanyşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça Pekin başlangyjy; “Guşak we ýol” sanly ykdysadyýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk atly Pekin başlangyjy; “Guşak we ýol” “ýaşyl” ösüş boýunça Pekin başlangyjy; Sanly ykdysadyýet we “ýaşyl” ösüş üçin halkara söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň esaslary boýunça başlangyç kabul edildi. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde “ýaşyl” ylmy we tehnologiýany ösdürmek babatda iş meýilnamasyny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.