Saz sungatynyň çeşmelerine bagyşlanan halkara forumy tamamlandy

Paýtagtymyzda “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahat we festiwal tamamlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan wekilçilikli foruma dünýäniň 13 ýurdundan alymlar we sungat ussatlary gatnaşdylar. 

Ylmy maslahatyň bölümleýin mejlislerinde 50-den gowrak çykyşlar diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem dünýä halklarynyň aýdym-saz mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmäge we wagyz etmäge bagyşlanan meselelere garaldy. 

Alymlaryň duşuşyklarynda medeniýetleriň özara gatnaşyklarynyň, aýdym-saz sungatynyň çeşmelerine ugurdaş seljerme geçmegiň, özboluşly ses we şekil eserlerini gorap saklamakda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmagyň hem-de ýaýratmagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Şunuň bilen baglylykda, özboluşly folklor eserlerini gorap saklamak meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Birnäçe çykyşlarda aýdym-saz sungatynyň gadymylygyny alamatlandyrýan maddy medeniýetiň ýadygärliklerinde geçirilen arheologiýa barlaglarynyň netijeleri we olary öwrenmegiň ugurlary barada habar berildi. 

Çykyşlaryň köpüsi taryhy, filosofiýany hem-de edebiýaty öwrenmekde halk aýdym-saz sungatynyň möhüm ornuna we ähmiýetine bagyşlandy. Aýdym- saz sungatynyň çeşmelerine ýüzlenmek bu ugry saklamak hem-de geljek nesillere ýetirmek maksady bilen halklaryň medeni mirasyny öwrenmek aýratyn wajypdyr. 

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlaryň we bu ugra degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen ylmy maslahat türkmen halkynyň ruhy mirasyna ünsi güýçlendirmäge mümkinçilik berdi. Alymlaryň çykyşlarynda türkmen halkynyň aýdym-saz medeniýetiniň dünýäniň ruhy-medeni ulgamynyň ähmiýetli bölümi bolup durýandygy bellenildi. Çykyş edenler türkmen halkynyň aýdym-saz medeniýetiniň dünýä ähmiýetlidigini nygtadylar. Hut şonuň üçin hem bu ugurda ýaýbaňlandyrylan ylmy gözlegleriň aýratyn ähmiýetiniň bardygy hem-de halk sungatynyň çeşmelerine düşünmekde möhümdigi bellenildi. 

Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda guralan konsertde festiwala gatnaşyjy ýurtlaryň özboluşly aýdym-saz dessurlarynyň dürli öwüşginleri bir bitewi çykyşda jemlenildi. Ajaýyp lybaslar, gadymy saz gurallary we dürli halklaryň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän aýdym-sazlary parahatçylygyň hem-de doganlygyň ählumumy baýramçylygyna bolan gyzyklanmalaryň uludygyny görkezdi. 

Sahnada halkymyzyň Görogly, gyrgyzlaryň Manas ýaly gadymy eserlerinden dessançylaryň çykyşlary, koreýleriň ganatly jümleleri, ýapon folklory, azerbaýjan mugamy we özbek halkynyň mukomlary dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Owgan we eýran owazlary, hindi aýdymlary Türkiýäniň we Saud Arabystanynyň halk sazynyň dessurlary bilen utgaşyp, özboluşly şowhun döretdi. 

Festiwalyň geçirilýän pursatlary Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry halk saz gurallarynyň özboluşly muzeýine öwrüldi. 

Bu halkara forumyň maksady aýdym-saz sungatyny geljek nesillere ýetirmek ýörelgesinden ugur alýar. Tomaşaçylar halk döredijiliginiň egsilmez çeşmesiniň köpöwüşginlidigine, halklaryň taryhyna, filosofiýasyna we milliligine düşünmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedigine, dürli medeniýetleriň wekillerini birleşdirýändigine, dostluk ýörelgelerini utgaşdyrýandygyna has aýdyňlygy bilen göz ýetirdiler. 

Şunuň ýaly köpöwüşginli çykyşlarda halk sungatynyň çeşmeleriniň umumylygy, parahatçylyk we döredijilik esaslary aýdyň duýulýar. Şeýlelikde, festiwalyň maksatnamasyna girizilen türkmen sazandalarynyň we olaryň daşary ýurtly sungat ussatlary bilen bilelikdäki çykyşlary dürli görnüşli sungat eserlerini ýerine ýetirmekde ajaýyp sazlaşygy we utgaşyklygy döretdi. 

Fransuz ýerine ýetirijisiniň ud saz guralyndaky çykyşy bilen türkmen sazandalarynyň ýerine ýetirijilik ussatlygy hem-de myhmanlaryň ýerine ýetirmeginde türkmen aýdym-sazlary tomaşaçylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy. Köp sanly belli ussat ýerine ýetirijileriň halk aýdym-saz sungaty ulgamynda ylmy iş bilen meşgullanýandygyny bellemeli. Bu ýerde geçirilen konsert umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edilen türkmen halkynyň gadymy küştdepdi tansy bilen jemlenildi. 

Şu gün özara döredijilik gatnaşyklary Türkmen döwlet medeniýet institutynda dowam etdi. Bu ýerde daşary ýurtly döredijilik toparlarynyň ussatlyk sapaklary geçirildi. Şeýle hem ugurdaş döredijilik ýokary okuw mekdeplerinde, Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda talyplar we mugallymlar üçin ussatlyk sapaklary guraldy. 

Paýtagtymyzyň durmuşynda möhüm wakalaryň birine öwrülen halkara foruma şäheriň ilaty we myhmanlary uly gyzyklanma bildirdiler. Hindistanyň saz gurallary toparynyň Winod Gang Dhar Laleniň ýolbaşçylygynda “Watan” kinokonsert merkezinde 20-nji aprelde guraljak goşmaça konserti tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat bolar. 

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň ýapylyş dabarasy boldy we oňa gatnaşyjylaryň işleriniň jemleri jemlenildi. Foruma gatnaşyjylar aýdym-saz mirasyny düýpli öwrenmekde hem-de wagyz etmekde durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek barada aýtdylar. 

Olaryň pikirine görä, bu gezekki duşuşyk halkara ylmy we medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ägirt uly goşant goşdy. Türkmenistanda medeniýetiň ähli ugurlary boýunça ägirt uly mümkinçilikleriň dünýä halklarynyň köpöwüşginli ulgamynda özboluşlylyga eýedigi hem-de onuň ruhy köklere, köpasyrlyk milli mirasy aýawly saklamaga, pederlerimiziň paýhasy bilen döredilen özboluşly dessurlara bolan ygrarlylygy alamatlandyrýandygy nygtaldy. Olaryň hatarynda aýdym-saz sungaty aýratyn orun eýeleýär. 

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanda şeýle wekilçilikli döredijilik forumynyň geçirilmegi ýurdumyzda milli medeniýeti hem-de sungaty ösdürmäge bolan ünsüň we çemeleşmeleriň, köpugurly halkara ylmy hem-de medeni alyşmalary ýola goýmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. 

Şeýle hem olar mähirli kabul edilendikleri üçin forumyň guramaçylaryna hoşallyk bildirdiler. 

“Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahat we festiwal tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler we gadymy türkmen topragyna gelip görmäge hem-de dünýä medeniýetini ösdürmek, parahatçylyk we dostluk gatnaşyklaryny berkitmek, dünýäniň dürli halklarynyň özara medeni gatnaşyklaryny baýlaşdyrmak üçin möhüm ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.