«EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli pawilýonynda «Ekologiýa abadançylygy-ösüşiň möhüm şerti» atly maslahaty geçirildi

img
img
img
img

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli pawilýonynda «Ekologiýa abadançylygy-ösüşiň möhüm şerti» atly maslahaty geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri, şeýle hem «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň wekilleri we sergini görmäge gelýän adamlar gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny doly goldaýandygyny we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek baradaky meseleleriniň Türkmenistanyň hökümetiniň gün tertibinde esasy orun eýeleýändigini bellediler.

Bu babatda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji konferensiýasynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Türkmenistanda pes uglerodly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny höweslendirmek boýunça zerur bolan hukuk binýadyny ösdürmek işleri dowam etdirilýär. Ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin halkara guramalary we hyzmatdaş ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny alyp barýar.

Şeýle hem, 2025-nji ýylyň 13-15-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Osaka we Tokio şäherlerine amala aşyran saparynyň dowamynda taraplaryň energiýa geçişinde hyzmatdaşlygy goldamak we BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin degişli resminamalaryna gol çekmek bilen ýokary derejeli duşuşyklaryň geçirilendigi bellendi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Çuo uniwersitetiniň Gözleg we ösüş başlangyjynyň arasynda parnik gazlarynyň milli sanawyny kämilleşdirmek we Pariž ylalaşygyna laýyklykda hasabat bermek boýunça mümkinçiligini ýokarlandyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu ugurda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleriniň 2025-nji ýylyň 3-4-nji fewralynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen GOSAT emeli hemrasynyň kömegi bilen parnik gazlarynyň mukdaryna baha bermek boýunça halkara maslahatynyň işine gatnaşdylar.