Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, ýurdumyzda BMG bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän bu halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryna we köpugurly hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanda geçirilmeginiň ähmiýetini belledi hem-de bu ýokary derejedäki forumyň we onuň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşler sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, hususan-da, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, durnukly energetikany we ulag ulgamyny ösdürmek, suw serişdelerini peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alyşmagyň dowamynda söwda, energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Söhbetdeşler özara haryt dolanyşygynyň netijeli häsiýetini belläp, söwda ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.