ÝAPONIÝANYŇ TALYP ÝAŞLARY TÜRKMEN DILINI ÖWRENMÄGE BAŞLADYLAR

2016-njy ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny bellemegiň çarçuwasynda Tokionyň Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin türkmen diliniň okadylmagyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Daşary ýurt dillerini okatmak çygrynda Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwesitetleriniň biriniň maksatnamasyna bu sapagyň girizilmegi, şübhesiz türkmen-ýapon gatnaşyklarynda wajyp hadysa bolup durýar. Türkmen dili bu uniwersitetde Ýaponiýada aprel aýynda başlaýan okuw ýylyndan okadylyp başlady.

Çäräniň dowamynda Tokionyň Daşary ýurt dilleri uniwesitetiniň rektory, professor Hirotaka Tateişi, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi G.Elýasow, Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory M.Begliýew we türkmen dilini öwrenýän ýapon talyplary çykyş etdiler.

Çykyş edenler geljekde hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde iki ýurduň dillerini öwrenmegiň uly ähmiýetini bellediler. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň ençeme orta mekdeplerinde we ýokary okuw mekdeplerinde täze okuw ýylyndan başlap ýapon diliniň okadylyp başlanjakdygy baradaky habary uly joşgun bilen kabul etdiler.

 

Çärä gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň medeniýeti, adatlary we şu günki ýagdaýy bilen tanyşdyrýan amaly-haşam sungatynyň, haly we dokma senagatynyň önümleriniň, şeýle hem kitap we fotosurat sergileri gurnaldy.