Aşgabat şäheriniň 140-njy orta mekdebine «Kasumi Kaikan» ýapon assosiasiýasy tarapyndan kitaplar sowgat berildi

photo

2025-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Ýaponiýanyň Turkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sasaki Hiroşi Aşgabat şäheriniň 140-njy orta mekdebine baryp gördi.

Saparyň dowamynda «Kasumi Kaikan» kitap sowgat maksatnamasynyň çäginde Kasumi Kaikan assosiasiýasy tarapyndan mekdebe Ýaponiýa baradaky kitaplar sowgat berildi.

Çärä ýapon dilini öwrenýän okuwçylar we mugallymlar gatnaşdylar.

1-nji synpdan 12-nji synpa çenli okuwçylaryň çykyşlary, şol sanda ýapon aýdymlaryň aýdylmagy, tanslaryň edilmegi we goşgylaryň okalmagy çärä baýramçylyk öwüşgünini goşdy.

Sowgat berilen kitaplar okuwçylara Ýaponiýa barada bilimlerini has-da artdyrmaga ýardam berer.