Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasarynyň arasynda duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary E.Arfiýa bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Ilçi A.Baýramow E.Arfiýanyň Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary wezipesine täzeden bellenmegi bilen gutlap, oňa alyp barýan jogapkärçilikli işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara derejesinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek barada niýetlerini beýan etdiler we «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň Sammitini ýakyn wagtda geçirmek üçin bilelikde tagallalaryny dowam etdirjekdiklerini tassykladylar.
Şeýle hem, 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere ýokary derejeli ýapon wekiliýetlerini gatnaşdyrmak boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.