Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki “Däp bolan medeniýeti gorap saklamak we onuň senagat ösüşinde we halkara işlerinde ulanylmagy” temasynda geçirilen 14-nji Tokio dialogyna gatnaşdy

img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 5-nji martynda Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň gurnamagynda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde “Däp bolan medeniýeti gorap saklamak we onuň senagat ösüşinde we halkara işlerinde ulanylmagy” temasynda 14-nji Tokio dialogy geçirildi.

Agzalan Tokio dialogyna Türkmenistandan “Design plus” (UNESCO) Döredijilik birleşiginiň ýolbaşçyy T.Gurbanowa we Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdy. 

Bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen wekiliýetler bilen bir hatarda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Parlament işleri boýunça orunbasary Eri Alfiýa we beýleki ýolbaşçy wekilleri, Ýaponiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň professor mugallymlary, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gyzyklanýan bilermenleri we Tokio şäherindäki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdy.

“Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki 14-nji Tokio  Tokio Dialogy, Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilermenleriň we tejribeli adamlaryň, ekspertleriň  gatnaşmagynda geçirilýän açyk simpoziumdyr. Bu duşuşyk geçen ýylyň dekabrynda Tokioda geçirilen "Merkezi Aziýa + Ýaponiýa" Dialogynyň birinji sammitiniň netijesinde Ýaponiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleri tarapyndan kabul edilen Tokio Jarnamasynda agzalýan medeni alyş-çalyşlary giňeltmegi anyk durmuşa geçirmek üçin geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynydan gatnaşyjylar we ýaponiýaly bilermenler “Däp bolan medeniýeti gorap saklamak we onuň senagat ösüşinde we halkara işlerinde ulanylmagy” temasynda  pikir alyşdylar.