img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

photo

2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.

Neda Berger duşuşmaga wagt tapandygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki saparynyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Neda Bergeriň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny aýtdy.

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň alyp barýan işiniň möhüm ähmiýetine üns çekilip, onuň yzygiderli geçirilýän mejlislerinde gazanylýan ylalaşyklaryň söwda, maliýe, maýa goýum ulgamlarynda täze gözýetimleri açmaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, özboluşly döredijilik birleşmesi bolan «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestrine aýratyn orun degişlidir. Neda Berger Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy bilen döredilen bu orkestriň iki ýurduň zehinli sungat ussatlaryny bir ýere jemläp, Gündogar bilen Günbataryň arasynda özboluşly sungat köprüsini emele getirýändigini aýtdy.

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän aýratyn ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Bergeriň köp ýyllaryň dowamynda Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ilerletmäge goşýan goşandyny belläp, bu jemgyýet bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän medeni çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Öz gezeginde, Neda Berger alyp barýan işine berýän ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Awstriýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Neda Berger medeni hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ileri tutulýan ugurlarynyň biri boljakdygyna berk ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.