img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Turkmenportalyň we Mitsubishi kompaniýasynyň wekilleri Tokioda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

photo

Turkmenportal bilen Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corporation” kompaniýasynyň wekilleri Tokioda duşuşyp, kompaniýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň taryhy we onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk Aşgabatdaky Ýaponiýanyň ilçihanasynyň goldawy bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin niýetlenen maksatnamanyň çäklerinde geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda “Mitsubishi Corporation” kompaniýasynyň Global Planning & Coordination (EMEA sebiti) bölüminiň wekili kompaniýanyň esasy iş ugurlary hem-de onuň Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy barada maglumat berdi.

“Mitsubishi Corporation” Ýaponiýanyň öňdebaryjy köpugurly söwda kompaniýalarynyň biridir. Kompaniýanyň taryhy 1954-nji ýyldan başlanýar. Baş edarasy Tokionyň Marunouçi işewürlik etrabynda ýerleşýär. Kompaniýanyň işi ýedi sany işewürlik topary boýunça guralyp, ýaşyl özgertmeler we energetika (GX), mineral serişdeler, durmuş infrastrukturasyny we şäher ösüşini, ulag ulgamyny, azyk senagatyny hem-de beýleki ugurlary öz içine alýar. Kompaniýa dünýäniň köp ýurtlarynda iş alyp barýar.

“Mitsubishi Corporation” köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen, ilkinji nobatda, energetika, senagat we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlyk edip gelýär. Dürli ýyllarda kompaniýa we onuň düzümindäki kärhanalar Türkmenistanda ammiak we karbamid öndürýän zawodlaryň gurluşyk taslamalaryna gatnaşdylar. Şeýle hem kompaniýa uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Türkmenistanda öz wekilhanasyny açdy.

Ozal çap edilen maglumatlara görä, 2026-njy ýylyň maý aýynda geçirilen “White City Ashgabat 2026” ("Ak şäher Aşgabat 2026") halkara sergisi we maslahatynyň çäklerinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni “Mitsubishi Heavy Industries Asia Pacific Pte. Ltd.”, “Mitsubishi Corporation Machinery Inc.” hem-de Türkiýäniň “Çalık Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýalaryndan ybarat konsorsium bilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnama (Memorandum of Understanding) gol çekdi. Resminama “Garabogazkarbamid” ammiak-karbamid zawodyna tehniki hyzmat etmek we abatlaýyş işlerini amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni üçin Balkan welaýatynda täze ammiak we karbamid öndürýän toplumyň gurluşyk taslamasy durmuşa geçirilýär. Taslama “Mitsubishi Heavy Industries” we Türkiýäniň “Gap İnşaat” kompaniýasy tarapyndan “Mitsubishi Corporation” bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.