TOKIODA TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ ÝUBILEÝINE BAGYŞLANYP HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

2015-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Tokio şäherindäki «Palas» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň guramagynda «2015-nji ýyl – Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly» atly halkara maslahat geçirildi. Şol gün agşam Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe hem-de Bitaraplygyň 20 ýyllygyna bagyşlanylyp resmi agşamlyk nahary berildi.

Halkara maslahatyň işine Ýaponiýanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we ylmy edaralarynyň wekilleri, Ýaponiýadaky diplomatic wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hemTürkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdylar.

Çykyşlarynyň dowamynda söz sözlänler Türkmenistanyň bitaraplygynyň dünýäde we sebitde onuň işine we ösüşine goşan goşandyny hem-de çuň manysyny bellediler. Çykyş edenler şeýle hem bitaraplygyň ylmy we syýasy nukdaý nazardan hem möhümdigine ünsi çekdiler. Esasy üns türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy hem-de onuň geljegi baradaky meselä çekildi. Türkmenistanly myhmanlar ýurdumyzdaky ylym we bilim ulgamlaryndaky uly göwrümli özgertmeler barada gürrüň berdiler.

Maslahat tamamlanandan soň myhmanlar üçin jikme-jik pikir alyşmaga mümkinçilik döredildi (networking).

Soňra Ilçihana tarapyndan resmi agşamlyk berildi. Bu çärede Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi G.Elýasow, Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň diwanynyň başlygynyň orunbasary jenap Hiroşige Seko we Ýaponiýanyň Olimpiýa we Paraolimpiýa oýunlary boýunça ministri jenap Toşiake Endo öz resmi sözleri bilen çykyş etdiler.

 

Resmi kabul edişligiň dowamynda milli türkmen eşikli hem-de şaý-sepler bilen bezelen Tokio uniwersitetinde okaýan türkmen talyplarynyň çykyşlary guraldy. Şeýle hem dürli fotosuratlary, kitaplary hem-de türkmen durmuşynyň milli esbaplaryny öz içine alýan sergi gurnaldy.