AŞGABATDA «MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA» GATNAŞYGYNYŇ ÝOKARY WEZIPELI WEKILLERIŇ 10-NJY MASLAHATY GEÇIRILDI

   2015-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» gatnaşygynyň Ýokary wezipeli wekilleriniň 10-njy maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriň orunbasarlary derejesindäki wekiliýetler gatnaşdylar.
  Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň wekiliýet ýolbaşçylary we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýörite wekili ýüzlenmeler bilen çykyş etdiler.
  Maslahatyň çarçuwasynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnuklylygy we ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin bilelikdäki çözgütleriň we hyzmatdaşlygyň ýollaryny tapmagyň wajyplygyny tassykladylar. Taraplar Ýaponiýa bilen dürli ugurlar boýunça esaslandyryjy we deňhukukly sebitleýin hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň tarapdarydygyny beýan etdiler. Şunlukda işjeň özara gatnaşyklaryň wajyp görkezijisi hökmünde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň ähmiýeti bellenildi.
  Türkmen tarapy «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» gatnaşygynyň Ýokary wezipeli wekilleriniň 10-njy maslahatynyň başlyklyk ediji hökmünde hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlarynyň hatarynda sebitleýin we kontinental derejede ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmegiň meselelerine toplumlaýyn seredilmegini teklip etdi.
  «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» gatnaşygynyň çäginde durmuşa geçirilmegi teklip edilýän bilelikdäki taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşlmagynyň dowamynda oba hojalyk, ulag we logistika pudaklarynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 
   Maslahata gatnaşyjylar 2016-njy ýylda Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ýokary wezipeli wekilleriň nobatdaky maslahatyna, şeýle hem, Daşary işler ministrleriniň derejesinde 6-njy Maslahatyna taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň esasy düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça işleriň netijelerini jemlediler, gatnaşygyň çarçuwasynda geçirilýän çärelerde başlyklyk etmegiň tertibini anykladylar, sebitleýin hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlediler.