Türkmenistanyň Prezidenti “Nowruz ýaýlasynyň aý öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we ählihalk ýowaryna badalga berdi

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň dag etegindäki ajaýyp ýaýlasynda “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şol ýerde bag ekmek boýunça nobatdaky ekologiýa çäresi bolan ählihalk ýowaryna badalga berdi. 

Ýoluň ugrunda dikilen köpsanly ak öýleriň ýanynda oba durmuşyna degişli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. 

“Nowruz ýaýlasynyň ak öýüniň” golaýynda toý toýlaýan türkmen obasynyň keşbi janlandyrylypdyr. Bu ýerde köpsanly gazanlar atarylyp, dürli tagamlar taýýarlanylýar we türkmen myhmansöýerligi has-da äşgär duýulýar. Ak öýleriň ýanynda atarylan toý gazanlarynda taýýarlanylan tagamlar dabara gatnaşyjylara hödürlenilýär. Şeýle hem bu ýerde düýeler, dowarlar görünýär. Olaryň agylda durmaklary, ot ýakmak üçin niýetlenen sazaklar toý şagalaňyny aňladýar. Hemme zat asylly dessur esasynda guralýan halk baýramçylygyna taýýarlanypdyr. Bu ýerde janlandyrylan obada milli tagamlar, toý pişmeleri bişirilip, saçaklar ýazylyp, myhmanlara hödür-kerem edilýär. 

Sportuň milli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerdäki ýaýlada belent başly hiňillikler dikilip, olarda bagtyýar ýaşlar bat alýarlar. 

Bu ýere ýurdumyzyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, türkmen ilçileri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimler, Ahal welaýatynyň hem-de paýtagtymyzyň köpsanly ilaty ýygnandy. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen hormatly ýaşulular, ak gyňaçly eneler, ýaşlar, jemgyýetçilik işgärleri we wagyzçylar bar. 

Nowruz baýramçylygy geçirilýän meýdançada gurlan binalar toplumynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Täze jaý” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edilendigini bellemeli. Häzirki döwürde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi durmuş, senagat we düzümleýin desgalaryň gurluşygy boýunça öňdäki orunlara çykýarlar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde gurluşyk ulgamynda türkmen işewürleriniň hünär derejesiniň ýyl-ýyldan ýokarlanmagy olara içerki bazarda uly möçberli gurluşyklary üstünlikli ýerine ýetirmäge däl, eýsem daşarky bazara çykmaga, gurluşyk hyzmatlarynyň eksportuny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şu günki ulanmaga berilýän täze desgalar toplumy telekeçileriň amala aşyran nobatdaky ähmiýetli taslamasydyr. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynda ykdysadyýetimizi dünýäde öňdebaryjy orunlara çykarmaga ukyply kuwwatly özgerdiji güýjüň bardygyny belleýär. 

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň ýanyndaky meýdança gonýar. 

Dikuçaryň ýanynda milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri bilen bilelikde “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasyna tarap ugrady. Onuň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. 

Dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmek bilen, döwlet Baştutanymyz şu gün Ahal welaýatynyň gadymy topragynda – Nowruz ýaýlasynda bag ekmek boýunça ýowara gatnaşyljakdygyny, şeýle hem täze gurlan kaşaň Ak öý binasynyň dabaraly açylýandygyny belledi. 

Köpetdagyň etegindäki şu gözel ýaýlada her ýyl Nowruz baýramynyň uly dabaralara beslenýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Milli bahar baýramynyň kökleriniň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýändigini, Nowruzyň dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň gadymy baýramlarynyň biridigini belledi. Şoňa görä-de, 2009-njy ýylda Nowruz baýramy ÝUNESKO tarapyndan adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy. 2010-njy ýylda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasy bilen her ýylyň 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» hökmünde yglan edildi diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

2013-nji ýylyň baharynda berkarar Watanymyz Nowruzyň halkara derejesinde baýram edilýän merkezine öwrüldi. Bu gadymy baýramyň hormatyna paýtagtymyz Aşgabatda, Köpetdagyň etegindäki şu taryhy ýaýlada baýramçylyk dabaralary giň gerim bilen geçirildi. 

Nowruz tebigat bilen sazlaşykly ýaşan ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsiniň we paýhasynyň utgaşmasyny duýmaga mümkinçilik berýär. Parahatçylygyň, ylalaşygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, dost-doganlygyň hem-de özara düşünişmegiň jarçysy bolup hyzmat edýär. Nesip bolsa, biz hemişe Nowruz baýramyny şu gözel ýaýlada döwlet derejesinde ýokary derejede geçireris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 

Halkymyzda öý gurmak, ojak edinmek rysgal-döwletliligiň alamaty hasap edilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ýerde täze gurlan binanyň rysgal-döwletiň özboluşly nyşanyna öwrüljekdigini, geljekde bu ýerde il-ýurt bähbitli möhüm çözgütleri kabul ediljekdigini, Ak öýüň gapdalynda gurlan binada bolsa, köpçülik çärelerini geçiriljekdigini belledi. 

Bitarap Türkmenistan häzirki döwürde güýçli depginler bilen ösýän döwletleriň birine öwrüldi. Eziz Diýarymyzyň her bir raýaty bolelin durmuşda, bagtyýar ýaşaýar. Halkymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagynda alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen berkarar döwletimiz bu gün ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň hataryna goşuldy. Biz muňa örän buýsanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň Nowruz ýaýlasynyň Ak öýünde geçiriljek çäreleriň özenini düzýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol çäreleriň mazmunyna bolsa, dostluk, agzybirlik, asudalyk we hoşniýetlilik ýaly ajaýyp ýörelgeleriň siňdirilendigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Bu binada 9—10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynyň geçilýändigini, hormatly ýaşulular bilen maslahat-geňeş etmegiň türkmeniň gadymdan gelýän ýörelgeleriniň biridigini aýdyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Ýaşulular maslahatynyň many-mazmun taýdan baýlaşandygyny, jemgyýetimizi has-da jebisleşdirmekde onuň aýratyn möhüm orna eýe bolýandygyny, halkymyzyň döredijilik güýjüniň egsilmezdigini görkezýändigini belledi. 

Nowruzyň Ak öýi binasynda geçiriljek Ýaşulularyň nobatdaky maslahaty hem mähriban halkymyzyň merdana pederlerimizden miras galan syýasy medeniýetiniň ýokary derejesini aýdyň görkezer. Biziň meşhur aýdymlarymyzyň birinde «Ýaşlaryň arasynda garrylar gerek!» diýlip ýöne ýere nygtalmaýar. Döwleti dolandyrmakda we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde hem ýaşululara sala salmak, olar bilen geňeşmek indi asylly däbe öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Soňra milli Liderimiz şu gün günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgünde «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň jemleriniň jemlenjekdigini, bäsleşigiň ýeňijilerine mynasyp bolan sylaglarynyň gowşuryljakdygyny belläp, bäsleşigiň ýeňijilerini tüýs ýürekden gutlady we olara berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, täze döredijilik üstünliklerini arzuw etdi. 

Milli Liderimiz çykyşynyň ahyrynda hemmeleri “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň açylmagy bilen gutlap, olary täze binanyň töwereginde boljak köpçülikleýin bag ekmek çäresine gatnaşmaga çagyrdy. 

Soňra şowhunly el çarpyşmalar astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular we ak gyňaçly eneler bilen bilelikde täze binanyň toý bagyny kesdi. 

Halkymyzyň köpasyrlyk däplerine aýratyn gadyr goýýan döwlet Baştutanymyz täze bina ilki bilen ýaşuly nesilleriň girmegini teklip etdi. 

Asyrlar aşyp gelýän milli däplere we gadym baýramçylyk dessurlaryna laýyklykda ähli çäreler berjaý edildi. Häzirki döwürde halkymyzyň milli mirasy täze mazmuna eýe boldy. Gadymy dessurlaryň gözelligi häzirki döwrümiziň paýhasy we hoşniýetliligi bilen utgaşýar. 

Milli Liderimiz binanyň içine girip, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. 

Medeni-durmuş ähmiýetli bu bina 3 müň orunlyk bolup, onda umumymilli we halkara ähmiýetli köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen hem-de uly konsert zaly bar. Ägirt uly ak öý görnüşinde gurlan bu binada baýramçylyk çärelerini guramak üçin ähli zerur şertler döredilipdir. 

Ýaşulularyň biri dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm syýasy waka bolan Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň öňüsyrasynda “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binalar toplumyny sowgat berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Ak öý türkmen halkynyň aňynda dünýä gurluşynyň özboluşly nyşanyny janlandyrýar. Günüň tegelekligini esas edinen ak öý durmuş bakylygyny, paýhas we ruhy başlangyçlaryň dowamatdygyny alamatlandyrýar. Munuň özi Nowruz baýramçylygy bilen özboluşly sazlaşygyny emele getirýär. Çünki ak öý ýaly, Nowruz hem agzybirligi, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, ynsanperwerligi özünde jemleýär. 

2015-nji ýylyň noýabr aýynda Mary welaýatynda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylandygyny we Mary şäherine “2015-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” derejesiniň berilmeginiň çäklerinde, bu ýerde türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konsertiniň guralandygyny bellemeli. Ýene bir taryhy ähmiýetli waka, ol hem ajaýyp binada guralan baýramçylyk dabarasynyň dowamynda 4 müň adamyň bilelikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymyny ýerine ýetirmegidir. Bu waka Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýä rekordy hökmünde girizildi. 

“Ak öý” binasynyň taslamasynda bu binagärlik desganyň tebigat bilen sazlaşýandygy bellärliklidir. Şeýle hem binada diňe bir medeni çäreler däl, eýsem, resmi, işewür duşuşyklary geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi. 

Döwlet Baştutanymyz desganyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, onda milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirkizaman tehnologik enjamlaşdyrylyşy bilen utgaşdyrylandygyna ünsi çekdi. Bu ýerde iň häzirkizaman enjamlary, kämil ses ulgamy we giň möçberli çäreleri geçirmek üçin zerur bolan beýleki serişdeler oturdylypdyr. 

Şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Olimpiýa stadionyna getirilen alawynyň ak öýüň merkezindäki ojakdan alynmagynda özboluşly many bar. 

Aziýa oýunlary taryha girdi, ýöne onuň alawy müňlerçe we millionlarça ýürekleri ýyladýar hem-de mähirli ýatlamalary, täsirleri oýarýar. Bu alaw sazlaşyk, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk, agzybirlik, parahatçylyk we abadançylyk gatnaşyklary hakyndaky ynamyň, täze başlangyçlaryň ýoluny ýagtylandyrýar. 

Mälim bolşy ýaly, Mary welaýatyndaky we Ahal welaýatyndaky “Ak öý” binalarynyň milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem gurulýandygyny bellemeli. 

Soňra döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin niýetlenen bina tarap bardy. Milli Liderimiz binanyň toý bagyny kesip, ony açdy. Soňra döwlet Baştutanymyz binanyň içki bezegi bilen tanyşdy. Bu ýerde hemme zat Ýaşulular maslahatyna we uly baýramçylyga taýýar edilipdir. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk ýowaryna badalga beriljek ýerine tarap ugrady. 

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi uly ruhubelentlik, şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Ýowara gatnaşýanlaryň arasynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köpsanly ýaşlar bar. Olaryň hemmesi ýörite taýýarlanylan meýdançada bag ekmek işine girişmäge taýýar bolup durlar. 

Belent ruhda we ýakymly owazlar bilen ýaňlanýan aýdym-sazlar bu çärä özboluşly baýramçylyk öwşügini çaýýar hem-de ýowara gatnaşyjylaryň ruhuny göterýär. Ählihalk çäresiniň guralyşynda türkmen toýlaryna mahsus özboluşlylyk, aýratynlyk duýulýar. 

Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyz ilkinji bag nahalyny oturdyp, türkmen ilinde aýratyn gadyr goýulýan bag ekmek çäresine badalga berýär. Ählihalk çäresine gatnaşyjylar milli Liderimiziň göreldesine eýerip, uly ruhubelentlik bilen asylly çärä girişýärler. Hemmeler bag ekmek çäresine işjeň gatnaşýarlar. Türkmen halky bag ekmegi mukaddes iş hasaplaýar. 

Mähriban tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen giň möçberli gök zolaklary döretmek maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Ýurdumyz gür baglylyga, seýilgählere,tokaý zolaklaryna beslenýär. Bu bolsa Watanymyzyň ösüşiniň, galkynyşynyň baş nyşanydyr. Zähmet ýaş nesilleriň terbiýesinde möhüm orun eýeleýär. Bilelikde, köpçülik bolup bag nahallaryny oturtmak peýdaly iş bolmak bilen bir hatarda, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagyny, daşky gurşawyň goraglylygyny we adam ömrüni uzalmagyny şertlendirýär. 

Bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda paýtagtymyzyň we onuň töwerekleriniň, welaýatlaryň hem-de etrap merkezleriniň ýanaşyk ýerleri tanalmaz derejede özgerdi. Ýurdumyzyň demirgazygyndan günortasyna, gündogaryndan günbataryna uzaýan awtomobil we demir ýollarynyň boýunda hem-de beýleki ýerlerde tokaý zolaklary döredilýär. Diňe Aşgabadyň töwereklerinde millionlarça bag nahallary oturdyldy. Häzirki döwürde ol ýerdäki gür tokaýlyklar howanyň ýakymlylyk derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwerekgelçiliklerini azaltmak boýunça Ýaponiýada geçirilen III Bütindünýä maslahatynda we Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda öňe süren möhüm teklipleri daşky gurşawyň hemmetaraplaýyn goralmagyna gönükdirilendir. 

Halkara bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan şol teklipler bilelikdäki halkara ekologiýa taslamalary we maksatnamalary üçin oňyn esas bolup durýar. Aral deňziniň çäginde ekologiýa howpsuzlygyny gowulandyrmak maksady bilen we Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara Gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. 

Häzirki döwürde dünýä bileleşigi Türkmenistanyň tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýeti bolan daşky gurşawyň goramagyň wajyp meseleleriniň çözgüdine goşýan ägirt uly goşandyny ykrar edýär. Munuň özi, ilkinji nobatda howanyň üýtgemegi, ýer we suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreş, Hazar deňziniň gurşawynyň arassalygyny, biologik dürlüligini saklamak hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasatynyň birnäçe meseleleri bilen baglanyşyklydyr. 

Bu ugurlaryň her biri boýunça Türkmenistan oňyn tejribe toplady. Bu bolsa sebit we ählumumy möçberde uly islegden peýdalanýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda “Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlyk üçin başlangyç” atly ilkinji halkara ekologiýa maslahaty geçirildi. Häzirki döwürde Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm bölümleriniň wekilleri bilen bilelikde, BMG-niň durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça Edara binasyny döretmek meselesi çözülýär. Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bu düzümiň işiniň esasy ugry bolar. 

Möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilýän bu köpçülikleýin çäre ýer ýüzünde tebigaty goramagyň we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine ýaýbaňlandyrylan umumy tagallalara ýurdumyzyň goşandyny alamatlandyrýan bu toý çäresi Türkmenistanyň asylly işlere işjeň goşulýandygyny görkezýär. 

Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň täze tapgyrynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, 2017-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudak edaralary we häkimlikleri paýtagtymyzyň hem-de onyň töwereklerinde hem-de welaýatlarda saýaly we pürli agaç nahallaryň, şol sanda üzümiň 3 millionyny ekmäge borçly edildi. Şu ýylyň ýazynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde 416 müňe ýakyn bag nahallary oturdyldy. 

Köpçülikleýin bag ekmek möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görlendigini bellemeli. Onuň üstünlikli durmuşa geçirmegi ugrunda ähli zerur çäreler göz öňünde tutuldy. Bag nahallary agrotehniki talaplara we degişli görkezijilere laýyk derejede ylmy esasda taýýarlanyldy. Ýerler arassalandy, tekizlendi. Şeýle hem dürli görnüşli baglaryň oturdyljak hatarlary, nahallaryň sanawy, bag ekmek işleriniň geçiriljek ýerleri hem-de suwaryş suwunyň, mineral dökünleriň we beýleki serişdeleriň möçberleri kesgitlendi. 

Ýurdumyzyň dürli sebitleriniň toprak-howa aýratynlyklary nazara alnyp, bag nahallarynyň taýýarlanmagy, olaryň degişli topraga uýgunlaşanlary, durnukly häsiýete eýeleriniň seçilip alynmagy möhüm çäreleriň birine öwrüldi. Alymlaryň we hünärmenleriň tekliplerine laýyklykda, ulag ýollarynyň ýakalaryna, şäherleriň hem-de oba ýerleriniň töwereklerine, şypahanalaryň ýanaşyk ýerlerine ekmek üçin pürli agaç nahallary seçilip alyndy. Baglaryň şeýle görnüşi daşky gurşawy zyýanly gazlardan we tozandan beýleki baglara garanyňda 6—7 esse köp hem-de çalt arassalaýar. Çöl şertlerinde tokaý zolaklary ilatly ýerleri jöwzaly we tozanly ýellerden, sil akymlaryndan goraýar, amatly howa gurşawyny döredýär we tebigaty gözelleşdirýär. 

Mähriban topraga bolan perzentlik söýgini alamatlandyrýan köpçülikleýin çäre tutuş ýurdumyz boýunça geçirildi. Ählihalk ýowaryna 364 müň 700 adam gatnaşdy we 417 müň düýp 715 bag nahallary oturdyldy. Aşgabat şäheri boýunça bag ekmek çäresine 34 müň 28 adam gatnaşdy. Olaryň birleşen tagallasy bilen 158 müň 765 düýp bag nahallary oturdyldy we ozal bar bolan baglaryň 595 müň 435-sine ideg işleri geçirildi. 

Ählihalk ýowaryny tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çärelere gatnaşyjylaryň hemmesini toý saçagynyň başyna çagyrdy. Bu ýerde diňe bir türkmen aşhanasynyň milli nygmatlaryndan dadyp görmek däl, eýsem olaryň taýýarlanyş aýratynlyklary bilen tanyşmaga hem mümkinçilik bar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabynda belleýşi ýaly, türkmen halkynyň aşhanaçylyk sungatynyň ýüzýyllyklaryň dowamynda kemala gelendigini belleýär. Milli aşhana türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň möhüm bölegi bolup durýar. Onda halkymyzyň ajaýyp däpleri, gündelik dessurlar we baýramçylyk ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde tagamlary taýýarlamakda özboluşly aýratynlyk bar. 

Milli Liderimizi yzygiderli üns bermegi netijesinde, täze taryhy eýýamda dünýäde dostanalygy, ynsanperwerligi we myhmansöýerligi bilen tanalýan türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri döredijilik taýdan täze ösüşe eýe boldy. Bereketli türkmen saçaklary milli baýramçylyklaryň we dabaralaryň bezegi bolup, olar daşary ýurtly myhmanlary bereketi we köpdürliligi bilen haýran galdyrýar. 

Medeniýet we sungat ussatlarynyň, aýdymçylaryň, sazandalaryň, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary bu ýerde geçirilen çärelere özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. 

Sungat ussatlary aýdymlary we sazlary bilen her günde ajaýyp üstünlikleri, belent ýeňişleri gazanýan ýurdumyzyň şöhratyny giňden wasp etdiler. Olar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda nurana geljege tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň häzirki bagtyýar eýýamyna bolan egsilmez buýsanç bolup ýaňlandy. 

Soňky ýyllarda türkmen topragy tanalmaz derejede özgerdi we gülläp ösdi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ählihalk goldawyna mynasyp bolýan syýasatynyň aýdyň netijeleridir. Türkmenistanlylaryň bitewiliginiň we zähmet ruhy göterilişiniň dabarasyna öwrülen ýowaryň dowamynda muňa doly göz ýetirse bolýar. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze ýörelgeler emele gelýär. Dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum sährasy gök zolaklara, ýurdumyz bolsa galkynyşyň, ösüşiň baş nyşany bolan ajaýyp seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň mekanyna öwrüldi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu günki çärelere gatnaşanlara minnetdarlyk bildirip, olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.