Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny polat görnüşinde dikeldýär
Türkmenistandan Eýrana Akýaýla demir ýol menziliniň üsti bilen Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça nobatdaky synag gatnawyny amala aşyrýan konteýner ýük düzümi geçdi.
Türkmenistanyň üstaşyr geçelgelerini hasaba almak bilen, ägirt uly Aziýa sebitiniň ýurtlaryny birleşdirýän has amatly ýollary gözläp tapmak ýurdumyzyň geografiki ýagdaýynyň artykmaçlyklaryny nazara almak bilen, onuň logistika ulgamyny ösdürmegiň wezipelerine laýyk gelýär. Multimodal düzümi döretmäge gönükdirilen iri möçberli ulag taslamalarynyň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmagyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we tehnologiki taýdan ösmeginiň, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagynyň möhüm şertleriniň biridigini belleýär.
2017-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Hytaýyň günortasyndaky iri senagat merkezi Çanşa şäherinden (Hunan welaýaty) ýola düşen, halkyň sarp edýän harytlary ýüklenen 41 sany konteýner wagonlaryndan ybarat bolan demir ýol düzümi yzygiderli ýük daşamagy ýola goýmak üçin geçmeli ýoluň wagtlaýyn we beýleki iş häsiýetnamalaryny takyk kesgitlemäge ýardam eder.
Çanşa-Altynköl-Bolaşak-Serhetýaka-Akýaýla-Inçeburun-Tähran ugry boýunça ýöreýän ýük düzümini ugratmak wakanyň ähmiýetine laýyk gelýän dabaraly ýagdaýda geçdi. Bu waka mynasybetli “Hunan Xiang OU Express Co., Ltd” ulag kompaniýasy hem-de Hunan welaýatynyň söwda müdirligi tarapyndan ýerli häkimiýetiň ýardam etmeginde guralan çärä HHR-iň ýokary wezipeli ýolbaşçylary, taslama gatnaşýan ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň hökümet we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ulag geçelgesine täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde möhüm ähmiýetiň berilýändigini bellediler. Bu ýoluň işlemegi daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmaga hem-de sebitde we yklymda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze kuwwatlyklaryny açmaga ýardam eder.
Bu ýol boýunça konteýner ýük daşamalaryny ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin geçen ýylyň maýynda Aşgabatda dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Onda gazanylan ylalaşyklar bu gün iş ýüzünde amala aşýar.
Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ýoly boýunça ilkinji ýük düzüminiň yzýany bilen 29-njy dekabrda HHR-iň merkezi bölegindäki awtanom sebitiň Inçuan şäherinden, ertesi güni 30-njy dekabrda bolsa, ýurduň demirgazygynda ýerleşen Şansi welaýatynyň Sian şäherinden üçünji ýük düzüminiň ugrandygyny aýtmak gerek.
Dostlukly ýurtlaryň dördüsiniň ulag-logistika düzüminiň mümkinçiliklerini barlaýan ilkinji ýük düzümi 4-nji ýanwarda Gazagystanyň Altynköl serhetýaka menziline gelip ýetdi, 7-nji ýanwarda bolsa Türkmenistanyň serhetlerine ýetip, bu ýerde, Serhetýaka menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylanyldy.
Soňra ol Balkan welaýatynyň günorta künjeginde ýerleşen Akýaýla menziline çenli 825 kilometr ýoly geçip, Eýranyň çäklerine çykdy. Geçmeli ýoluň wagtynyň ep-esli azalmagy ulag harajatlarynyň kemelmegini hem aňladýar, ýagny, ýoluň ykdysady taýdan peýdasy ýokarlanýar.
Türkmenistan üçin bu halkara logistika taslamasyna gatnaşmak üstaşyr mümkinçilikleriniň artmagyny aňladýar, çünki bu gün Beýik Ýüpek ýoly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde döwrebap transmilli gara, demir we howa ýollary görnüşinde gaýtadan dikeldilýär. Ýurdumyzyň çäginden geçen gadymy Ýüpek ýolunyň ugurlary bilen gabat gelýän bu ýollar yklymda daşary ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini, üstaşyr ýük daşamalarynyň artmagyny, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň giňelmegini üpjün eder. “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçjek 2018-nji ýylyň birinji aýynyň hut ilkinji günlerinde bolsa, ýurdumyzyň çäginde gaýtadan dikeldilen gadymy ugruň polat ýollary boýunça üstaşyr ýükleriň “demir ýol kerweniniň” geçmeginiň çuňňur manysy bar.
Synag ýük düzümini Hytaýdan Eýrana ýurdumyzyň üsti bilen ugratmak mynasybetli geçirilen dabara gatnaşmak üçin HHR-e türkmen wekiliýetiniň iş saparynyň çäklerinde Pekinde işewür duşuşyklary, şol sanda “China Railway International Multimodal Transport Co., Ltd” kompaniýasynyň (Hytaý demir ýollary) baş dolandyryjysy bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda bellenilişi ýaly, bu ulag geçelgesi boýunça konteýner düzümleriniň yzygiderli hereketiniň ýola goýulmagy oňa beýleki ýurtlaryň, şol sanda Owganystanyň we Türkiýäniň goşulmagyna mümkinçilik açýar.
Şeýle hem muňa türkmen demir ýol gurluşykçylarynyň Mary welaýatynda Serhetabat menzilinden Turgundy owgan şäherine çenli çekýän polat ýoly hem ýardam eder. Goňşy ýurt üçin bu möhüm taslama 2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi badalga berdi. Bu ýoly şu ýylyň fewralynyň ikinji ýarymynda işe girizmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde ulag ýollarynyň ähmiýeti olaryň jemgyýetçilik zähmetini hem-de önümçilik güýjüni oýlanyşykly ýerleşdirmekde möhüm orun eýelemegi bilen kesgitlenýär diýip, milli Liderimiz transmilli ýollaryny döretmegiň wajyplygyny sebit we sebitara hyzmatdaşlygynyň giňişlikdäki nusgasynyň esasy hökmünde nygtaýar. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda ykdysady taýdan has amatly ýol, ýükleri daşamagyň, şol sanda üstaşyr daşamagyň, geljekde bolsa ýolagçylary gatnatmak üçin gysga ýol bolup hyzmat eder.
Türkmenistan, Gazagystan, Eýran we Hytaý bir sebitiň çäklerinden daşary çykýan hem-de yklymyň ýurtlarynyň ösüşiniň möhüm ugurlaryny gurşap alýan ýewraziýa goşulyşmasyna gös-göni gyzyklanma bildirýärler. Aýratyn alnan esasy pudaklarda anyk goşulyşmak taslamalary şol oňyn özgertmeleriň ygtybarly binýadyna öwrülip, olaryň güýji elektrik zynjyry boýunça beýleki pudaklara geçip, uzakmöhletleýin netijä öwrülýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly diňe täjirçilik nukdaýnazaryndan esaslandyrylan taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitde we onuň çäklerinden alyslarda umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge ukyply geosyýasatyň, Aziýada durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň möhüm şertine öwrülmäge, kontinental syýasy gatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnuklylygy çaýmaga ukyply bolup biler. Halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly düzümleriň derejesinde özara gatnaşyklary berkitmek babatda hem bu ýoly peýdalanmagyň geljeginiň uludygyny görkezýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlary döwrüň täze ýagdaýlaryny we şertlerini nazara almak bilen, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilendir. Şol başlagyçlar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň, ŞHG-nyň duşuşyklarynda we ýokary derejede geçirilen beýleki forumlarda beýan edildi. Gürrüň, hususan-da, BMG-niň ulag ýollaryny ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda barýar. Ol Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasyndaky üstaşyr—ulag mümkinçilikleriniň öwrenilmegini göz öňünde tutýar.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň başyny başlan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň halkara hyzmatdaşlygynda we durnukly ösüşde eýeleýän orny hakynda iki gezek kabul eden Kararnamasy aýratyn ähmiýete eýedir.
Halkara ulag ýollary dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň esasy gurallaryna öwrüldi. Türkmenistan şol ösüşlere ýardam etmek bilen, öz çäginde yklymyň möhüm ulag merkezleriniň birini döredip, ýurduň ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösmegine hem-de döwletimiziň geoykdysady kuwwatyny tutuş sebitiň we yklymyň bähbidindine amala aşyrmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategiýasyna daýanýar.