Döwrebap tehnologiýalaryň ýöriteleşdirilen Halkara sergisi öz işine başlady

Paýtagtymyzda senagat önümleriniň, enjamlarynyň döwrebap tehnologiýalarynyň Halkara sergisi öz işine başlady, ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa ösüş ýolunda gazanan ägirt uly sepgitlerini we mümkinçiliklerini, şeýle hem daşary ýurtly enjamlary öndürijileriň öňdebaryjy tejribelerini we işläp taýýarlamalaryny görkezýär, olar türkmen hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýärler. 

Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä ylmynyň gazananlaryny we iň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, görlüp-eşidilmedik ösüşlere eýe bolýar. Köp pudakly senagat tiz depginlerde kemala getirilýär, bu pudak iň täze enjamlar bilen üpjün edilendir we ýokary goşmaça bahaly bäsleşige ukyply önümçiligiň giňeldilmegini ugur edinýän öňdebaryjy tehnologiýalary we dünýä nou-haulary peýdalanmak bilen hereket edýär. 

Türkmenistan kuwwatly önümçilik düzümleriniň döredilmegini, ýokary hilli harytlaryň ýurdumyzyň özüniň çig mal serişdelerini, tebigy baýlyklaryny peýdalanmak arkaly önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmagy ugur edinmek bilen gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň köp sanlysyny özüne çekýär, olar daşky maýa goýumlary üçin açyk bolan türkmen bazarynda ornuny pugtalandyrmaga çalyşýarlar. 

Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilýän iri möçberli pudaklaýyn we köpugurly ykdysady forumlar özüniň netijelliligi we many-mazmuny boýunça işewürlik gatnaşyklarynyň iň netijeli gurallarynyň birine öwrüldi, olar ýakyn işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, halkara söwda hyzmatdaşlygynyň täze ýollarynyň gözlenilmegine gönükdirilendir. 

Şu gezekki sergi hem munuň aýdyň subutnamasydyr, ol ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň hem, senagat enjamlarynyň, ýokary öndürijilikli tehnikanyň we hyzmatlaryň giň görnüşini hödürleýän daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hem uly mümkinçiliklerini açyp görkezýär. Sergä Germaniýadan, Fransiýadan, Italiýadan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýran Yslam Respublikasyndan, Türkiýeden, Russiýadan, Bolgariýadan, Özbegistandan, Azerbaýjandan we beýleki ýurtlardan elliden gowrak kompaniýalaryň wekilleri işewürlik teklipleri bilen geldiler. 

Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda guralan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň işewürliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda ýurdumyzyň halk hojalygyny toplumlaýyn senagatlaşdyrmak strategiýasyny, bu ugurda gazanylan üstünlikler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň aýdyň mysaly bolmak bilen, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlanmagyny nazarlaýan durmuş syýasatynyň wezipelerine we maksatlaryna hem laýyk gelýär diýip nygtady. Ýurdumyzda bar bolan çig mal serişdeleriniň dürli görnüşlerini toplumlaýyn esasda gaýtadan işlemäge gönükdirilen täze kärhanalaryň ulanmaga berilmegi ykdysady ösüş üçin pugta binýadyň emele gelmegini, ýurdumyzyň sarp ediş bazarynda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegini, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny şertlendirýär. 

Bu sergi milli ykdysadyýetiň ösüşiniň ähli ugurlaryny diýen ýaly – ýangyç-energetika toplumyny we ulag, aragatnaşyk hem-de gurluşyk ulgamlaryny, okgunly ösýän gaýtadan işleýän senagaty, himiýa we dokma, gaz we nebithimiýa pudaklaryny, gurluşyk serişdeleri önümçiligini we azyk önümlerini, söwdany öz içine alýar. Sergä köpsanly gatnaşyjylaryň –ýurdumyzyň döwlet we telekeçi düzümleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň diwarlyklary we bölümleri bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygyň üstünliklerini we netijelerini aýdyň açyp görkezýär. 

Sergä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda dünýäniň senagat enjamlarynyň we tehnologiýa işläp taýýarlamalarynyň önümçiliginde iň iri kompaniýalar bar, olar bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň uly tejribesi toplanyldy. Olar “Dragon oil” we “Schlumberger Logelco Inc.” ýaly halkara kompaniýalarydyr. Olaryň gatnaşmagynda uglewodorod serişdeleriniň ýurdumyzdaky örän baý gorlary ýerleşýän ýataklary işläp taýýarlamak, gazyp almak, gaýtadan işlemek işleri alnyp barylýar. 

“Şсhneider Elektrik” we “Alstom” (Fransiýa) hyzmatdaşlaryň gatnaşmaklarynda milli elektroenergetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Kosmos tehnologiýalary ulgamynda öňdebaryjy bolan “Thales International” kompaniýasy nawigasiýa howpsuzlyk ulgamlary boýunça toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär. 

Ýurtlarymyzyň arasynda uzakmöhletleýin esasda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde sergide Fransiýanyň işewürler bileleşiginiň wekilleri Türkmen-fransuz söwda-sanagat edarasynyň sergisinde jemlenildi. (“Sifal”, “Oberthur”, “Airbus Defense & Space”, “Total”). 

Bolgar-türkmen senagat-söwda edarasynyň diwarlygy barada hem aýtmak gerek, olaryň agzalarynyň hatarynda dürli ulgamlarda hereket edýän hyzmatdaş kompaniýalaryň 120-ä golaý bellige alyndy. Tehnologiýalary alyşmak, oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek we soňra gaýtadan işlemek, taýýar önümleri Türkmenistana getirmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. 

Import-eksport ulgamynda ýöriteleşdirilen iri söwda korporasiýalary ýurdumyzda geçirilýän forumlaryň hemişe gatnajylaryna öwrüldiler. Şu gün “Malaysia External Trade Development Corporation”, “Izmir Free Zone” we “Anzali Free Zone organization”, şeýle hem “Brık global” (BAE) kompaniýalary bu sergide öz döwletlerinde wekilçilik edýärler. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmek bilen, söwda korporasiýalary we guramalary serhetüsti hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine we döwletleriň bitewi ählumumy bazara üstünlikli goşulyşmak maksady bilen, hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýärler. 

Türkmen bazarynyň netijeli tehnologiýalary we senagat işläp taýýarlamalaryna ýerli çig mal serişdeleriniň gaýtadan işlenilmegine gönükdirilen önümçilikleri ýola goýmak we enjamlaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde tekliplere barha artýan isleglerini hasaba almak bilen türk we eýran kompaniýalaryndan teklipler gelip gowuşýar, olar bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň tejribesi toplanandyr. 

Sergä ilkinji gezek gatnaşýanlaryň hatarynda “Рars khooshe Pardaz Co.” (Eýran) kärhanasy bar, ol biotehnologiýalar – harytlaryň dürli görnüşlerini –çörek önümlerini bişirmek, gurluşyk serişdeleri senagaty hem-de arassalaýjy serişdeler, kagyz senagaty önümçiligi üçin ýörite ýelim goşundylaryň esasynda ürgün önümleri hödürleýär. Elektrik enjamlarynyň, abzallaryň we gurallaryň 1 müň 500-e golaý görnüşini öz içine alýan jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryny abzallaşdyrmak üçin senagat enjamlarynyň toplumlaryny “Еmpero” türk kompaniýasynyň diwarlygy hödürleýär. 

Sergi ýangyn howpsuzlygy ulgamynda ýörite enjamlaryň täze işläp taýýarlamalary bilen (Russiýanyň “ООО Чинта”, “TM Trade Limited Co.” kompaniýalary), sowadyjy enjamlar we howany çalyşmak ulgamlary üçin ätiýaçlyk şaýlary (“Aermec s.p.a.”-Italiýa), lukmançylyk barlaghana enjamlary we gurallary (“Medical Kasra Behdis”-Eýran), jorap önümçiligi pudagy üçin enjamlaryň we gurallaryň kämilleşdirilen nusgalary (“Lonati s.p.a.-Italiýa”) bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. 

Sergi meýdançasynyň merkezi bölegi 2017-nji ýylda çykarylan “BMW” kysymly nemes ýeňil awtoulaglarynyň täze nusgalarynyň, şeýle hem Angliýanyň kiçi kuperleriniň (“countryman” we krosseweriň “сlub”) mahabatlandyryş boýunça özboluşly salonyna öwrüldi. “Awtohaus GMBH” hojalyk jemgyýeti enjamlary, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, olary ulanmak boýunça hyzmatlary hödürleýär. Özbegistandan gelen kompaniýanyň wekili “Daewoo” kysymly “R4” awtoulagyň maşgala üçin niýetlenen nysgasyny hödürleýär. 

Milli ykdysadyýetimiziň döwlet düzümleriniň we ýurdumyzyň kärhanalarynyň diwarlyklary daşary ýurtly myhmanlaryň aýratyn üns bermegine eýe boldy, olar innowasiýa tehnologiýalary boýunça önümçilikde ýeten üstünliklerini we sepgitlerini, şeýle hem ýurdumyzyň alymlarynyň we hünärmenleriniň täzeçil işläp taýýarlamalaryny görkezýärler. 

Bu babatda Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň diwarlygyny aýratyn bellemek gerek. Onda dürli görnüşli taýýar önümler hödürlenilýär, bu önümler ýerli telekeçileriň gatnaşmagynda bilelikdäki kärhanalaryň binýadynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde öndürilýär. Olar turba önümlerini, polipropilenden we polietilenden taýýarlanylan serişdeleri, gurluşyk serişdelerini, emeli mermeri we timarlaýyş serişdelerini, swetodiod yşyklandyryş çyralarynyň, aýna gaplarynyň hem-de lukmançylyk maksatly gaplaryň, elektrotehniki enjamlaryň we ölçeýjileriň dürli görnüşlerini öz içine alýar. 

Ýurdumyzyň “Aýbölek”, “Abraýly önüm”, “Çigildem” kärhanalary öz diwarlyklarynda mebel önümleriniň, öý hojalyk esbaplarynyň köpsanly nusgalaryny görkezýärler. Orta we kiçi telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy netijesinde ýurdumyzda mebel önümçiligi ykdysady işiň geljegi uly we okgunly ösýän ulgamyna öwrüldi. Polatdan we metaldan ýasalan özboluşly gurnamalar, şeýle hem kömekçi hojalyk üçin niýetlenen agaç önümlerini Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň açyk asmanyň astyndaky sergi bölümi görkezýär. 

Sergi meýdançalarynda ýurdumyzyň söwda nyşanlarynyň we dünýäniň ýokary hilli önümleriniň nusgalarynyň tanyşdyryş çäreleri, markenting maglumatlar, hyzmatdaşlar bilen işewürlik duşuşyklary hem-de bu ýerde emele gelen baýramçylyk ýagdaýy işewürler toparlarynyň wekilleriniň hem-de bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. 

Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň Halkara sergisiniň çäklerinde Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda işewürlik duşuşyklary geçirmek meýilleşdirildi, olar tejribe alyşmaga häzirki zaman gazanylanlar we innowasiýa işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga, hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmaga we ýurdumyzda öndürilýän önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berýär. 

Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üç gün dowam edýän sergi bilen 2-nji fewrala çenli tanşyp bilerler.