SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, azerbaýjan Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ukrainanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, dürli ulgamlarda...
Tokioda "Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna" atly ýubileý medalyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Tokioda Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo "Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna" atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Çärä Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Ýaponiýanyň Parlamentiniň deputatlary, Ýaponiýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, jemgyýetçilik-syýasy toparlaryň we ýapon kompani...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýar. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki meselelerini we türkmen-german gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatda...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Fizuli Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Ýolugra ýörite gurnalan ýerde hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan binalaryň, şeýle-de Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidi...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary
2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. “Zagulba” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasyny...
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 20-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewi kabul etdi. Jamşid Hojaýew bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Özbegistanda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini, ýurdu...