SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ej...
ТЕЛЕФОННЫЙ РАЗГОВОР МЕЖДУ МИНИСТРАМИ ИНОСТРАННЫХ ДЕЛ ТУРКМЕНИСТАНА И ТУРЕЦКОЙ РЕСПУБЛИКИ
6 февраля 2023 года состоялся телефонный разговор Министра иностранных дел Туркменистана Р.Мередова с Министром иностранных дел Турецкой Республики М.Чавушоглу. В ходе разговора глава внешнеполитического ведомства Туркменистана выразил слова сочувствия и поддержки своему турецкому коллеге в связи с разрушительным землетрясением в Турции, повлекшим многочисленные человеческие жертвы и увечья. Р.Мередов просил передать глубокие соболезнования родным и близким погибших, а также скорейшего выз...
UNESCO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Daşary işler ministriliginde UNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler Ministri R.Meredow çykyş etdi hem-de şu mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň ÝUNESKO bile...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ EÝRANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞUGY BARADA
2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Eýranyň Daşary işler ministriniň konsullyk, mejlis we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Alireza Bikdeli bilen duşuşugy geçirildi. Duşuşykda ýurtlaryň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňe...
AŞGABATDA KONSULLYK, SERHET WE GÜMRÜK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-EÝRAN TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň 15-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary Wepa Hajiýew, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň konsullyk mejlis we eýranlylaryň işl...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Pudagara toparyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýl...
AŞGABATDA TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGY BELLENILDI
2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda paýtagtymyzyň “Daşkent” seýilgähinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň resmi wekilleri, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de döredijilik işgärleri, Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda...