SOŇKY HABARLAR
Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) Başlygynyň orunbasary, Wekilçilikli direktory bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) Başlygynyň orunbasary, Wekilçilikli direktory jenap Amakawa Kazuhikonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Iň ýokary derejede ýola goýlan açyk we ynanyşmaga esaslanýan syýasy dialogyň döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylma...
Türkmenistanyň wekiliýeti söwda we dokma pudagy boýunça birnäçe duşuşyklary geçirdi
2025-nji ýylyň 30-njy awgusty-3-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Osaka we Tokio şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň söwda we dokma senagaty pudagynda işleýän guramalary we kompaniýalary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, «ITO...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 19-njy sentýabrda geçirmek bellenildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler. Degişli Karar 20-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy tarapyndan kabul edildi. Karara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri b...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy
2025-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. Pekiniň Týananmen meýdançasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde dabaraly harby ýöriş geçirildi. Bu dabaraly ýöriş Hytaýyň parahatçylyga, milli gahrymanlaryň ýagty ýadyg...
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pekin şäherine ugramak üçin Týanszin şäheriniň demir ýol menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary dabaraly ýagdaýda ugratdylar. Biraz salymdan Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýörite otluda Pekiniň demir ýol menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti myhmansöýerligiň asylly däbine görä, mähirli garşylanyldy. Günüň iki...
Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-yň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, HHR-yň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary çakylygy kabul edip, ŞHG-nyň Sammitine gatnaşandyg...
Türkmenistanyň zenanlardan ybarat wekiliýeti HHR-da iş saparda boldy
Ýakynda Türkmenistanyň zenanlardan ybarat wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Iş saparyň dowamynda birnäçe wajyp duşuşyklar geçirildi. Medeni diplomatiýa uzak möhletleýin durnuklylyga, abadançylyga gönükdirilen strategik maýa goýum bolup durýar. Medeniýet, sungat, ylym-bilim, sport ýaly wajyp ugurlarynda gatnaşyklary ýola goýmak iki halkyň medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam edýär. Bu ugurlarda gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen, Türkmenistan we...