SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mübärekläp, ýurdumyzda geçirilýän bu giň gerimli halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Täjigistan...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, ýurdumyzda BMG bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän bu halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarl...
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli çärä gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we pursatdan...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy ähmiýeti bolan giň gerimli foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Belent mertebeli myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we meýilleşdirilen ähli halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine garaldy. Türkmenistany...
Awazada «Türkmenistan – Özbegistan – Azerbaýjan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde «Türkmenistan — Özbegistan — Azerbaýjan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda özara bähbitli sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek we bilelikdäki tasla...
Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Awaza forumyna gatnaşýan Katar Döwletiniň wekili bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet sekretary Marýam bint Ali Al-Misned bilen duşuşdy. Bellenilişi ýaly, duşuşykda gaznan...