RSS

SOŇKY HABARLAR

6 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda 10-njy bilelikdäki işewürlik maslahatynyň üstünlikli geçirilmegini...

DOWAMY
5 Dek

Türkmenistanyň wekiliýeti Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Moskwada geçirilen Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda deňiz derejesiniň peselmegini ýakyndan öwrenmegi, ünsi we toplumlaýyn çemeleşmegi talap edýän möhüm mesele diýip atlandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde suwuň azalmagy bilen baglanyşykly mesele...

DOWAMY
4 Dek

Türkmen dzýudoçysy «Grand Slam» halkara ýaryşyny bürünç medal bilen jemledi

3-nji dekabrda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde dzýudo boýunça iň abraýly bäsleşikleriň biri hasaplanýan «Grand Slam» halkara ýaryşy jemlendi. Iki günläp dowam eden halkara  ýaryşa 84 döwletden 506 türgen gatnaşdy. Bu ýerde çykyş eden türkmen ýygyndysyna 8 türgen wekilçilik etdi. Şeýlelikde, 66 kilogram agram derejesinde çykyş eden türkmen dzýudoçysy Hekim Agamämmedow ýaryşyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001 harby bölüm...

DOWAMY
4 Dek

Türkmenistanda ýapon filmleriniň 7-nji festiwaly geçiriler

Türkmenistanda ýapon filmleriniň 7-nji festiwaly geçiriler. Türkmenistanlylary Günüň dogýan ýurdy, onuň medeniýetiniň özboluşlylygy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen festiwal 15-17-nji dekabr aralygynda paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda geçiriler. Ondan soň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary 23-nji dekabrda görkeziljek ýapon kinofilmlerine tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylara şu filmler hödürlener: «Asman restorany» filminde wakalar Ýaponiýanyň demirgazygyndaky Hokkaýdo adasynda bolup geçýä...

DOWAMY
3 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda çykyş etdi

2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna gatnaşdy. Ählumumy forumyň gün-teribine laýyklykda, onda howa boýunça Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilişiniň jemleri jemlener, geljekki hereketleriň meýilnamasy kesgitlener. Dünýä bileleşigi öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin şol meýilnamadan ugur alyp biler. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, onuň netijelerini ara...

DOWAMY
3 Dek

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady

2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda, Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi b...

DOWAMY
3 Dek

Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy

2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy resmi taýdan yglan etdi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda geçirilen 26-njy maslahatynda bellenen Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjyň Türkmenistan tarapyndan goldanýandygy barad...

DOWAMY