RSS

SOŇKY HABARLAR

11 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MEKDEP OKUWÇYLARY SAKURA MAKSATNAMASYNA GATNAŞDYLAR

2023-nji ýylyň 4-11-nji noýabry aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen Sakura ylmy alyş-çalyş maksatnamasyna Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdy. Bu maksatnamanyň işine gatnaşan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow 2023-nji ýylyň Türkmenistanda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilendigi we halkara derejesinde geçirilýän ýaşlar çäreleriniň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünd...

DOWAMY
10 Noý

FILIPPINILERIŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Filippinler Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenilen Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Roberto Manalonyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we onuň diplomatik işiniň türkmen-filippin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşjakdygyna umyt bildirdi. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we syýasy-diplo...

DOWAMY
10 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ MEJLISINE GATNAŞÝAR

2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisi başlandy, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky Türkmenistanyň garaýşyny beýan eder. Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda YHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk ý...

DOWAMY
9 Noý

NIPPON GAZNASY TÜRKMENISTANYŇ TEHNOLOGIKI UNIWERSITETINE ÝAPONIÝA BARADAKY KITAPLARY SOWGAT ETDI

8-nji noýabrda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ýaponiýanyň “Read Japan Project” taslamasynyň çäginde Nippon gaznasy tarapyndan kitaplary gowşuryş dabarasy geçirildi. Uniwersitetiň kitaphanasynyň ýapon medeniýeti, taryhy, sungaty we häzirki zaman jemgyýeti barada 75 kitap bilen üsti ýetirildi.

DOWAMY
9 Noý

TÜRKMENISTAN «G7» WE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Merkezi Aziýanyň we «Uly ýediligiň» («G7») ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna onlaýn görnüşde gatnaşdy. Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň we Fransiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Çäre Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawanyň ýolbaşçylygynda geçdi....

DOWAMY
8 Noý

“NIPPON” GAZNASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistana sapar bilen gelen “Nippon” gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Ýuji Mori bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar babatynda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklar barada nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, türkmen tarapy köp ýyll...

DOWAMY
7 Noý

ÝAPONIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Sasaki Hirosi bilen duşuşdy we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministr Ilçini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da berkitmek üçin diplomatik işini ýerine ýetirmekde türkmen tarapynyň doly goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny nygtady. Duşuşykda diplomatlar wajyp ikitaraplaýyn gün tertibini ara alyp masl...

DOWAMY