RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Awg

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 14-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Hirosi Sasaki bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklaryň geljekki ösüşinde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň wajyplygy barada bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar ýakyn geljekde meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we k...

DOWAMY
pic
14 Awg

Türkmenistan we Filippinler Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Filippinler Respublikasynyň Köptaraplaýyn gatnaşyklar we halkara ykdysady gatnaşyklar meseleleri boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary Çarlz Hoseniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatl...

DOWAMY
pic
14 Awg

«Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza»milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi. Irden, 12-nji awgustda Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanowyň alyp barmagynda «Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahatyň açylyşy dabarasy geçirildi. Maslahatyň açylyşy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara ýollan Ýüzlenm...

DOWAMY
pic
12 Awg

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 11-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Prezident Ilham Aliýew mähirli salamlaşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Prezidenti Milli Liderimiziň ýakynd...

DOWAMY
pic
12 Awg

Türkmenistanyň Ilçisi Ýapon şäherleri Hirosima we Nagasakiniň atom ýaragy bilen bombalanmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow 2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hirosimada we 2025-nji ýylyň 9-njy awgustynda Nagasakide agzalan ýapon şäherleriniň atom ýaragy bilen bombalanmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy. Çärelere Premýer-ministr Ş.Işiba, Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýolbaşçylar we parlamentiň agzalary, halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Ýaponiýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy. Ýatlama çärelerinde ýadro ýaragyny...

DOWAMY
pic
11 Awg

LLDC-iň üçünji maslahatynyň tamamlanmagynyň çäklerinde baýdak düşürmek dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň öz işini tamamlamagy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we BMG-niň resmi wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar. Baýdaklaryň dabaraly ýagdaýda düşürilmegi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan geçirilen möhüm çäreleriň resmi taýdan tamamlanandygyny we onuň ählumumy ähmiýetliligini alamatla...

DOWAMY
pic
11 Awg

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanan ýörite brifing geçirildi

Köp sanly türkmen we daşary ýurt žurnalistleriniň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanan ýörite brifing geçirildi 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejeli halkara foruma döwlet we hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurtdan, 50-ä golaý halkara guramadan ýokary wezipeli adamlar, iri kompaniýalaryň 20-den agdygyndan wekill...

DOWAMY