SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Kongres merkezinde Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Şu Sammitiň gün tertibi GDA-nyň giňişliginde ýakynlaşmagyň ähli ugurlaryna degişli möhüm meseleleri öz içine alýar. Şolar boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi onuň çäklerinde özara gatnaşyklaryň gurallarynyň kämilleşdirilmegini üpjün eder. Sammitiň dowamynda hyzmatdaşly...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BAE-NIŇ ENERGETIKA WE INFRASTRUKTURA MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Astana şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi we taraplaryň ozal gazanylan ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ygrarlydyklary nygtaldy. Taraplar şeýle hem ulag-logi...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZIÝADA ÖZARA HYZMATDAŞLYK WE YNAMY BERKITMEK ÇÄRELERI BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ (CICA) VI SAMMITINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Astana şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI Sammiti geçirildi. Onda Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Ýokary derejeli halkara sammitiň işine döwlet we hökümet baştutanlary, gatnaşyjy-ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri, ýolbaşçylary hem-de synçy döwletleriň, synçy halkara guramalaryň we hyzmatdaşlaryn...
Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna
10–11-nji oktýabrda ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Iki ýurduň dostlukly gatnaşyklaryna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyna giň ýol açan bu sene mynasybetli göz öňünde tutulan meýilnamanyň çäginde şäheriň “Döwrebap” söwda merkeziniň “Kämil” restoranynda ýapon aşhanasyna degişli tagamlaryň görkezilişi boldy. Ýaponiýaly myhmanlaryň taýýarlamagynda suşi ýap...
GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI
2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Astana şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky Mejlisine gatnaşdy. Mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Daşary işler ministrler 2022-nji ýylyň 14-nji...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşdy. Şeýle hem, sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wlasimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ AZIÝA OLIMPIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 41-NJI MEJLISINE GATNAŞMAGY
2022-nji ýylyň 3-5-nji oktýabry aralygynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kamboja Patyşalygynyň Pnopmen şäherinde iş saparynda boldy. Gün tertibine laýyklykda, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hem-de Tomusky we Gyşky Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk işleri boýunça komitetleriň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem Baş Assambleýanyň dowamynda Aziýa sebitinde spo...