SOŇKY HABARLAR
“The Japan Times” gazetinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň makalasy çap edildi
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramowyň “The Japan Times” gazetinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar barada makalasy çap edildi.
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatlar duşuşygyň dowamynda dostlukly, ynamly we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde döwletlerimiziň arasyndaky strategiki, d...
MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY
2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry – 1-nji oktaýbry aralygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň biwagt aradan çykmagy...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýumi Ýoşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi
2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýumi Ýoşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen-ýapon gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we däp bolan köpýyllyk dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan...
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy geçirildi
2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýumi Ýoşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen-ýapon gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we däp bolan köpýyllyk dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň m...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
16-njy sentýabrda Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen düzümdäki mejlisiniň başlamagynyň öň ýanynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýokary derejeli myhmanlary mähirli mübärekledi. Soňra sammite gatnaşyjylaryň resmi taýdan bilelikde s...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINDÄKI ÇYKYŞY
Hormatly döwlet we Hökümet Baştutanlary! Hormatly wekiliýetleriň agzalary, hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, şu günki duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisini mübäreklemäge hem-de onuň ýokary derejede guralandygy, myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejedäki mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Ýu...