SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ KARATE FEDERASIÝASY ÝAPONIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ HORMATLY SYLAGYNA MYNASYP BOLDY
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ýamamoto Hiroýukiniň Türkmenistanyň Karate federasiýasynyň ýolbaşçysy Ýaşuzak Mämmetnazarow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ilçi sportuň şu görnüşini ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň Karate federasiýasynyň başlygyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň hormatly sylagyny gowşurdy. Ýeri gelende bellesek, Karate federasiýasy ýurdumyzda bu sport görnüşi boýunça yzygiderli ýaryşlary gurap gelýär. Esaslandyrylan senesinden, ýagny...
TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ MEJLISI
2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibiniň çäginde Toparyň şu ýylky iş Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýakyn geljekde geç...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 29-njy awgustynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin ÝB-niň ilçisine hoşallyk bildirdi. Şol bir wagtyň özünde, ikitaraplaýyn görnüşde we "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" formatynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bilel...
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ÝUNESKO-nyň işleri barada jogapkär agzalary, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PALESTINA DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Mahmud Abbasyň salamyny we Palestina gelmek baradaky çakylygyny hem-de ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pales...
TÜRKMENISTANDA DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA MILLI IŞ TOPARYNYŇ TEGELEK STOLUNYŇ BILELIKDÄKI MEJLISI
2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň tegelek stolunyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem BMG-niň Aşgabatdaky edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Duşuşygy açmak bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet...
TÜRKMENISTANYŇ WE PALESTINA DÖWLETINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa, düýn biziň ýurdumyza sapar bilen gelen Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan Palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda Palestinanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan alnyp barylýan içerki we daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlary barada maglumat berildi, onuň iň möhüm ugry dünýä parahatçylygynyň...