RSS

SOŇKY HABARLAR

4 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DIM-LERI OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÖZARA HEREKETLERIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2023-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministrliginiň Owganystan we Päkistan boýunça departamentiniň direktory, Owganystan boýunça ýörite wekili Endrýu MakKubriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşigi geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar owgan meselesi boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giň toplumyna seredip geçdiler. Bu sebitdäki ýagdaýlar bilen bagly yn...

DOWAMY
4 Apr

NEXI ÝAPON AGENTLIGI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetirji direktory we baş dolandyryjysy Hideýuki Urata bilen Ilçihananyň binasynda duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen agentligiň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän tasla...

DOWAMY
3 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERI WE JENAÝATÇYLYK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň Syýasat we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk seljerişi boýunça bölümiň Direktorynyň orunbasary Fýodor Klimçuk we Bilelikde maliýeleşdirmek we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça Seksiýasynyň başlygynyň orunbasary Igor Kondratýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boý...

DOWAMY
1 Apr

ZYŇYNDYLARY NOL DEREJESINE GETIRMEK BOÝUNÇA BMG BA-NYŇ ÝOKARY DEREJELI MASLAHATYNA TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY

2023-nji ýylyň 29-30-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýork şäherinde iş sapary bilen boldy. Saparyň esasy maksady Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ugrunda özgerdiji gural hökmünde zyňyndylary nol derejesine getirmek boýunça BMG BA-nyň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmakdan ybaratdy. 29-njy martda öz saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary BMG-niň Baş Sekretarynyň köme...

DOWAMY
30 Mar

TÜRKMENISTANYŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI TAMAMLANDY

2023-nji ýylyň 30-njy martynda Seuldaky Hankuk Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde Türkmenistanyň medeni-ylmy çäreleri dowam etdi. Bu medeni çäreleriň maksatnamasyna türkmen suratkeşleriniň çykyşlary, şeýle hem koreý dilinde “At-myrat” atly ahalteke atlaryna bagyşlanan türkmen filminiň görkezilişi boldy. Mundan başga-da, uniwersitetiň foýesynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň portretleri we kitaplary, sungat eserleri we Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary görkezilen sergi...

DOWAMY
30 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WEZIPESINI ÝERINE ÝETIRIJINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ý. ý. Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletde doganl...

DOWAMY
30 Mar

О ТУРКМЕНО-УЗБЕКСКИХ МЕЖМИДОВСКИХ КОНСУЛЬТАЦИЯХ

29 марта 2023 года в Ашхабаде состоялись политические консультации между внешнеполитическими ведомствами Туркменистана и Республики Узбекистан. Делегации сторон возглавили Министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов и и.о. Министра иностранных дел Республики Узбекистан Бахтиёр Саидов. В ходе консультаций были обсуждены текущее состояние и перспективы двустороннего сотрудничества, вопросы расширения политических отношений и их наполнения практическим содержанием, в том числе в конте...

DOWAMY