RSS

SOŇKY HABARLAR

6 Apr

TÜRKMENISTAN WE ÝAPONIÝA MEDENI-YNSANPERWER GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRÝÄRLER

2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň “Min-On” konsertleri we dabaralary guramak boýunça assosiasiýasynyň prezidenti K.Itonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar medeni-ynsanperwer ugruň, iki halkyň medeniýetinde ýakyn özara gatnaşygy bolan türkmen-ýapon doganlyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň...

DOWAMY
5 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝÄNIŇ PALATALAR WE BIRŽALAR BIRLEŞIGINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Iki ýurduň halklarynyň dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigini belläp, döwlet Baştutanymyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk boýunça soňky ýyllarda baý we oňyn tejribe toplanandygyny aýtdy. Bu bolsa türkmen-türk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagyna mümkinçilik...

DOWAMY
5 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI

5-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Hazar — dostluk deňzi” motoýörişiniň kerwenine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebit gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň we ösdürmegiň wajypdygyny belläp, motoýörişiň üstünlikli geçirilmegini hem-de Hazar sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmak işinde öňde goýlan maksatlara...

DOWAMY
5 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ IŞEWÜR TOPARYNYŇ WEKILLERINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “General Electric Gas Power» kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde gazturbina enjamlarynyň satuwy boýunça wise-prezidenti Bris Razany, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň wise-prezidenti Jon Rizi, “Smartma...

DOWAMY
5 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklaryny taryhyň dowamynda emele gelen köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklary, medeniýetiň, diliň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow häzirki döwü...

DOWAMY
5 Apr

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANYNYŇ DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow ýola goýlan ikitrapalaýyn gatnaşyklaryň ähli sebitlerde sazlaşykly ösüşiň ilerleýändigini belläp, ýok...

DOWAMY
5 Apr

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKIÝÄNIŇ PALATALAR WE BIRŽALAR BIRLEŞIGINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 4-nji aprelinde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli sözleri we gutlag haty, ş...

DOWAMY