RSS

SOŇKY HABARLAR

18 Mar

YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLER GEŇEŞINIŇ 49-NJY MEJLISI ÖZ IŞINI TAMAMLADY

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Nuakşot şäherinde, Mawritaniýada geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň 49-njy mejlisiniň işine gatnaşýar. “Araçyllyk: howpsuzlygyň we durnuklygyň açary” şygary bilen geçirilýän mejlisiň jemleýji güni Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryndan gelen wekiliýet ýolbaşçylarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Öz ge...

DOWAMY
17 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE HINDISTANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu P.Nair bilen gepleşikleri geçirildi we onuň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň gün tertibininde durýan wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösmeginiň esasy görkezijisi iň ýokary derejedäki gepleşikler bolup durý...

DOWAMY
17 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMEN-BRITAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lusia Waýld bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda türkmen-britan hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşini belläp, iki ýurduň arasyndaky özara hereketleriň dür...

DOWAMY
17 Mar

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ARASYNDA GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda hereket edýän we öz güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara ylalaşyklaryň we şertnamalaryň, şeýle hem iki ýurduň garamagyndaky resminamalaryň taslamalarynyň sanawyna seredildi. Diplomatlar ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadynyň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerini kesgitl...

DOWAMY
17 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞÝAR

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň paýtagty Nuakşot şäherinde geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 49-njy mejlisiniň işine gatnaşýar. Mejlisiň dowamynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy we beýleki ugurlar boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Mundan başga-da, mejlisiň gün tertibinde Yslam Hyzmatdaşlyk...

DOWAMY
17 Mar

TÜRKMEN WEKILIÝETI “MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA” 12-NJI TOKIO DIALOGYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 15-nji martynda Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Global Forumynyň bilelikde guramagynda “Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň arabaglanşygy” mowzugy bilen “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” 12-nji Tokio dialogy geçirildi. Dialogyň işine Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Ýaponiýanyň Global Forumynyň prezidenti, Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlaryndan gelen bilermenler, Ýaponiýada akkreditirlenen ilçihanalaryň wekilleri, Ýaponiýanyň döwlet...

DOWAMY
16 Mar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde şu gezekki sammitiň ähmiýetini bellediler hem-de sebit derejesindäki wajyp meseleler boýunça pikir alyşdylar. Özbegistanyň TDG-niň...

DOWAMY