Tapylan netije sany: 3204
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WEZIPÄ GIRIŞMEGI MYNASYBETLI DABARA
2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi.
Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde dabara gatnaşýanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary, milli parlamentiň iki palatasynyň agzalary we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WEZIPÄ GIRIŞMEK DABARASYNDAKY ÇYKYŞY
Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy!
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary we deputatlar!
Gadyrly watandaşlar!
Hormatly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, şu belent münberden size we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna ählihalk saýlawlarynda maňa bildiren ynamyňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Bu saýlawlaryň netijesinde men Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandym.
Mähriban halkymyň meni Türkmenistan...
ÝURDUMYZDA ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 20-nji martynda Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda ýazky bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Umumymilli bag ekiş çäresine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdylar. Dabara şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY YHG-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ 48-NJI MEJLISINE GATNAŞMAK MAKSADY BILEN YSLAMABATDA SAPARDA BOLÝAR
2022-nji ýylyň 22-23-nji martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň, Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (DIMG) sişenbe güni Yslamabatdaky parlament binasynda işe başlan 48-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Pakistanda saparda bolýar.
Musulman ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň her ýyl geçirilýän duşuşygy «Agzybirligiň, adalatyň hem-de ösüşiň hatyrasyna hyz...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ W.W.Ý.Ý YSLAMABATDA BIRNÄÇE IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 22-nji martynda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 48-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.
Hususan hem, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. R.Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri R.Kazakbaýew bilen gepleşikleri geçirildi.
Söhbetdeşligiň çäklerinde ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähli...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ W.W.Ý.Ý. PAKISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 22-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Raşid Meredow Yslamabatda Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirdi. Onuň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
R.Meredow Pakistan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklaryň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bell...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ YHG-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.ý.ý. Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hisseýn Brahim Taha bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň başynda, R.Meredow Baş sekretary bu ýokary we jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň Guramada öz agzalygyna möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.
Şeýle hem Baş sekretara, şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen, Tür...
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA 2021-NJI ÝYLDA GEÇIRILEN BMG-NIŇ COP-26- MASLAHATYNYŇ ESASY NETIJELERINE HEM-DE GAZANANLARYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň edarasy hem-de Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy bilen bilelikde howanyň üýtgemegi boýunça 2021-nji ýylda geçirilen BMG-niň COP-26 - maslahatynyň esasy netijelerine hem-de gazananlaryna bagyşlanan onlaýn-maslahat geçirildi.
Bu maslahat geçen ýylyň noýabr aýynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçirilen COP-26 maslahatynyň öňüsyrasynda Aşgabatda 2021-nji ýylyň martynda ge...
TÜRKMENISTANYŇ BSG-NA AGZA BOLMAGY BILEN BAGLY MESELELERIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) bilen bilelikde BSG-na agza bolmak hereketleri we Söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi boýunça BSG bilen Ylalaşyk boýunça geňeşme duşuşygy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.
Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunba...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BOÝUNÇA REZOLÝUSIÝANY KABUL ETDI, ŞEÝLE-DE ÝURDUMYZ BMG-NIŇ HALKARA SÖWDA HUKUGY BOÝUNÇA KOMISSIÝASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANDY
2022-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen ýurdumyzyň Hökümetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa döwletimiziň başlangyjy bilen şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamany...
https://japan.tmembassy.gov.tm/tk/news/95016