Tapylan netije sany: 3201
TÜRKMEN-ÝAPON SYÝASY GEŇEŞMELER
2015-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ýapon wekiliýetine Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýörite wekili jenap Aiki Tosihiro baştutanlyk etdi.Geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn we sebitara hyzmatdaşlygynyň gün tertibindäki meseleleriniň giň toplumyny içine alýan möhüm pikir alyşmalar boldy.“Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” gepleşikleriniň ç...
https://japan.tmembassy.gov.tm/tk/news/640Türkmenistanda ýokary derejeli maslahat geçirildi
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň baştunanlary gatnaşdylar.
https://japan.tmembassy.gov.tm/tk/news/645Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, P...
https://japan.tmembassy.gov.tm/tk/news/646Global Festa 2014
2014-nji ýylyň Oktýabr aýynyň 4-5-ne Tokionyň Hibiýa seýilgähinde "Global Festa 2014" sergisi geçirildi. Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy bu çäre gatnaşdy we Türkmenistan we onuň medeniýeti bilen tanyşdyryş dabarasyny gurady. Tokio uniwersitetiniň talyplary hem-de Ýaponiýada okaýan türkmen talyplary bu çärede Türkmenistan barada tanyşdyryş dabarasyny gurnamaga ýardam berdiler.Türkmenistan barada tanyşdyryş burçuna köp myhmanlar gelip gördüler we ýurdumyz bilen ýakyndan tanyşdylar.
https://japan.tmembassy.gov.tm/tk/news/647"GÜNDOGAR-GÜNBATAR” GAZ GEÇIRIJISI AÇYLYP ULANMAGA BERILDI
2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gaz geçiriji Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek” gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi.
Bu şatlykly dabara gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň w...
ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARA GEÇIRILDI
2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, 2016-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmeistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy tarapyndan, Ýaponiýanyň Şinjuku Ritsu Kaşiwagi orta mekdebinde okuwçylaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda, Türkmenistan barada tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çäräniň başynda Türkmenistanyň gözel künjekleri, nepis el halylary, ahalteke bedewleri, milli şaý-sepleri we türkmen taga...
ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ TANYŞDYRYLŞY GEÇIRILDI
2016-njy ýylyň 12-nji fewralynda Ýaponiýada, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşalanyp geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasy esasynda we 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň tanyşdyrylşy geçirildi.
Çärä Syýahatçylyk agentlikleriniň ýapon assosiasiýasynyň (JATA) we Ýaponiýanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleriniň topary gatnaşdylar. Gatnaşyjylar...
ÝAPONIÝANYŇ TALYP ÝAŞLARY TÜRKMEN DILINI ÖWRENMÄGE BAŞLADYLAR
2016-njy ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny bellemegiň çarçuwasynda Tokionyň Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin türkmen diliniň okadylmagyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Daşary ýurt dillerini okatmak çygrynda Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwesitetleriniň biriniň maksatnamasyna bu sapagyň girizilmegi, şübhesiz türkmen-ýapon gatnaşyklarynda wajyp hadysa bolup durýar. Türkmen dili bu uniwersitetde Ýaponiýada aprel aýynda b...
Ýaponiýada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýapon diline terjime edilen "Çaý – melhem hem ylham" atly taze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi
2016-njy ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, Ýaponiýanyň Şiga prefekturasynyň iň gözel ýerinde ýerleşýän ady belli “MIHO” muzeýinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Çaý – melhem hem ylham” atly ýapon diline terjime edilen täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Bu tanyşdyrylyş dabarasy, şu ýylyň 20-27-nji iýun aralygynda MIHO muzeýinde Türkmenistanyň etnografiýa muzeýiniň eksponatlaryndan gurnalan serginiň çäklerinde geçirildi. Şu günleriň dowamyn...
DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÄHLUMUMY MASLAHATY
Ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek häzirki döwürde Dünýä ösüşiniň gün tertibiniň esasy ugry.
Ulag pudagynda ulgamlaýyn we anyk maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň birnäçe kararnamasynda, hususan-da, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün ed...