Tapylan netije sany: 3201
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň halkara guramalaryň, iri halkara forumlaryň we du...
Koreýa Respublikasynyň täze Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Won-Je bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda diplomat öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-d...
Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde Yrak Respublika...
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ahalteke bedewlerini dünýä ýaýmak boýunça duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň guramagynda Ýaponiýanyň «Akhal-teke Affinity Co. LTD» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy M.Aoe hem-de Täze Zelandiýanyň «Krukziener Properties» kompaniýasynyň esaslandyryjysy A.Krukziener bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň maksady «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen, bile...
Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär
2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Nara prefekturasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli çäreleri geçirmek maksady bilen Nara prefekturasyna sapary amala aşyryldy.
Saparyň dowamynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli Nara Bilim uniwersitetinde tegelek stoly we duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.
Çärä gatnaşyjylar Gara...
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň we Ýaponiýanyň «Mitsui & Co., Ltd» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 03-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň guramagynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hem-de Ýaponiýanyň «Mitsui & Co., Ltd» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda «Mitsui & Co., Ltd» ýapon kompaniýasynyň nebit we gaz pudagy babatda alyp barýan işleri we mümkinçilikleri barada tanyşdyryldy. Şeýle hem, mümkin bolan hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp masla...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny doglan güni bilen öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyý...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna sapar bilen ugrady.
Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline gelende Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Wena-Şwehat Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Awstriýa Respublikasynyň hem-de Tü...
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.
Neda Berger duşuşmaga wagt tapandygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki saparynyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda möhüm...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) ştab-kwartirasynda agentligiň Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşyk geçirip, atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmaga degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşygyň yzysüre, bu ýerde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Gahryman Arkadagy...
https://japan.tmembassy.gov.tm/tk/news/159593