img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

EXPO-2025 BÜTINDÜNÝÄ SERGISINE TAÝÝARLYGYŇ ÇÄKLERINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI

photo

2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň, “Belli” hojalyk jemgyýetiniň we Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Ýaponiýanyň Kansaý prowinsiýasynyň Osaka şäherinde geçiriljek Bütindünýä EXPO-2025 sergisine taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda, bu halkara sergide Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşygy babatynda pikir alyşyldy.

Şu nukdaýnazardan, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekilleri türkmen hyzmatdaşlary bilen bu ugurda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyny bellediler.