img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI PORTUGALIÝADA AKKREDITIRLENDI

photo

2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Portugaliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Pariž ş.) M.Çaryýew Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marsel Rebel de Souza öz ynanç hatlaryny gowşurdy.

Dabaranyň çäklerinde ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamy, şeýle hem iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Taraplar türkmen-portugal hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynda döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge isleg bildirýändiklerini mälim etdiler.