img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Tokionyň Milli sungat merkezinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygaryna bagyşlanan suratlar sergilendi

img
img
img
img

“Ýaponiýa-Ýewraziýa” jemgyýetiniň guramagynda 2024-nji ýylyň 25-nji ýanwary – 5-nji fewraly aralygynda Tokionyň milli sungat merkezinde geçirilen “Ýaş nesilleriň elde çeken suratlary” atly çäresinde Türkmenistanyň diwarlygy ýerleşdirildi.

Bu çäräniň çäklerinde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň elde çeken suratlarynyň sergisi guraldy.

Tokionyň milli sungat merkeziniň zalynda ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň çeken suratlarynyň sergisi aýratyn ünsüňi çekip, ol bu ýere gelenleri şöhratly taryhymyza, beýik Magtymguly Pyragynyň döwrüne seýrana çykardy.