Türkmen karateçileri Filippinleriň paýtagty Manilada 21 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen 22-nji Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň üçüsini eýelediler.

22 — 25-nji awgustda geçirilen Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň  toparyna türgenleriň 10-sy, tälimçileriň 2-si we halkara derejeli eminleriň 3-si wekilçilik etdi. 

Ildeşlerimiziň ilkinji medalyny Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdebiň okuwçysy Alymuhammet Kakalyýew kadetleriň arasynda kumite boýunça geçirilen ýaryşda eýeledi. Ol 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Bu agram derejesinde türgenleriň 18-si bäsleşdi. Üçünji orun ugrundaky ýaryşda A.Kakalyýew wýetnamly Duong Wan Luony 3:0 hasabynda ýeňdi, medal ugrundaky çekeleşikli göreşde bolsa Fahad Alazemiden (Kuweýt) 3:1 hasabynda üstün çykdy. Ýeri gelende bellesek, Alymuhammet şu ýyl Fujeýrede (Birleşen Arap Emirlikleri) geçirilen «Ýaşlar karate ligasy 1» halkara ýaryşynda hem bürünç medal gazandy. Ol maý aýynda Samarkantda (Özbegistan) geçirilen 9-njy Merkezi Aziýa çempionatynda bolsa birinji orny eýeledi. 

Çempionatyň ahyrky güni kumite boýunça 21 ýaşa çenli ýaş toparynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýene iki bürünç medal gazandy. Türkmenistanyň Karatedo federasiýasynyň türgeni Magtymguly Annaýew 55 kilograma çenli agram derejesinde we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Dawut Nazmyradow 75 kilograma çenli agram derejesinde üstünlik gazandy. 

Magtymguly Annaýew aýgytlaýjy duşuşykda Salemom Alajmini (Kuweýt) 9:8 hasabynda ýeňip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Dawut Nazmyradow bolsa bürünç medal ugrunda geçiren soňky tutluşygynda Lu Wo An Duýany (Wýetnam) 10:2 hasabynda ýeňdi. 

Ýeri gelende bellesek, M.Annaýew we D.Nazmyradow Samarkantda geçirilen karate boýunça 9-njy Merkezi Aziýa çempionatynda hem ýeňiş gazanypdylar. Häzirki wagtda türgenleriň ikisi-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynda baş tälimçi, gara guşagyň bäşinji danynyň eýesi Aýdyň Çaryýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler. 

Bütindünýä Karate federasiýasynyň we Aziýa karate federasiýasynyň guramagynda geçirilen ýaryşa 30 ýurtdan 561 türgen gatnaşdy.