img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Tokio şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen halkynyň şekillendiriş sungatynyň we milli tagamlarynyň sergisi guraldy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Tokio şäherinde geçirilen Türki döwletleriniň medeni festiwalynyň çäklerinde Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen halkynyň amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň we şaý-sepleriniň hem-de milli tagamlarynyň sergisi guraldy.

Serginiň çäklerinde guralan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň diwarlygy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň has giňden tanyşmagyna mümkinçilik döretdi.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar serginiň beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň poeziýasyny ýaýbaňlandyrmakdaky wajyp orny barada bellediler.