Aşgabat şäherinde Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi.
Mejlise bu topara gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar Bitaraplygyň dostlary toparynyň netijelidigini bellediler. Toparyň yzygiderli giňelmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Duşuşygyň dowamynda häzirki ählumumy wehimleri aradan aýyrmakda oňyn bitaraplygyň ýörelgelerinden peýdalanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu nukdaýnazardan, taraplar BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleri we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, ählumumy ösüşiň möhüm meýillerini nazara almak bilen, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň işlenip taýýarlanmagy meselesine garadylar.
Mundan başga-da, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi gazanmak üçin amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň anyk usullary barada pikir alyşmalar boldy.
Mejlise gatnaşyjylar bitaraplyk ýörelgelerini milli we halkara strategiýalara ornaşdyrmak arkaly Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.