Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri Tokioda geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdy

img
img
img
img

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri 2025-nji ýylyň 3-4-nji fewralynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen GOSAT emeli hemrasynyň kömegi bilen parnik gazlarynyň mukdaryna baha bermek boýunça halkara maslahatynyň işine gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň, Ýaponiýanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Mongoliýanyň wekilleri parnik gazlarynyň tükellemesini geçirmek hem-de bu işlerde emeli hemradan alynýan maglumatlardan peýdalanmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygy we taslamalary utgaşdyryjy müdirliginiň başlygynyň orunbasary M.Ýusupow Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlary, şol sanda Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasyna laýyklykda durmuşa geçirilýän işler barada çykyş etdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň çykyşynda howanyň üýtgemegi babatda ýurtda durmuşa geçirilýän çäreler we Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky halkara başlangyçlary barada bellenip geçildi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri beýleki gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri bilen tejribe alyşdylar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem, parnik gazlarynyň tükellemesini geçirmekde ulanylýan usullar we bu işlerde sanly tehnologiýalardan peýdalanmagyň ähmiýeti nygtaldy.