Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaponiýanyň Imperatoryny gutlady

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Ýaponiýanyň milli baýramy we Onuň Alyjenabynyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet ýolbaşçylary iki ýurduň arasyndaky yzygiderli pugtalanýan gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň guwandyryjydygyny belläp, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dostlukly halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz we  Milli Liderimiz Imperator Naruhito tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ýaponiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.