Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda “2025 - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanan brifing geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden “2025 - Halkara Parahatçylyk we Ynam ýyly” atly Karanamasynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu Kararnama, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen döwletara gatnaşyklarynyň filosofiýasynyň logiki dowamy we durmuşa geçirmegiň aýdyň beýan bolup durýar.
Gatnaşyjylara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada maglumat berildi.
Şu ýyl, Türkmenistanyň 1995-nji we 2015-nji ýyllardaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň yglan edilmeginiň 30 ýyly dolýar. Şol bir wagtyň özünde, 2025-nji ýyldaky şanly seneler – Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy barada bellenildi.