Ilçi Ýaponiýanyň Adalat ministri bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 29-njy maýynda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Adalat ministri, Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň agzasy Keýsuke Suzukiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde kanunçylygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýapon tarapy Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda hukuk ugrunda özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.

Öz gezeginde, Ilçi Ýaponiýanyň Adalat ministri K.Suzukini Türkmenistana baryp görmäge hem-de 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji Maslahatyna we 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli Forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Taraplar “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.