“EKSPO-2025” Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň wekilleri, göni wideo aragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem Ýaponiýanyň “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Öz çykyşlarynyň dowamynda gatnaşyjylar parahatçylygyň, ynanyşmagyň we ählumumy hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini, şeýle hem halkara gatnaşyklaryny giňeltmekde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ornuny nygtadylar.
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Türkmenistanyň halkara giňişliginde hemişelik Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan parahatçylyk ýoly, durnukly ösüş we ählumumy hyzmatdaşlyk üçin durmuşa geçirýän tagallalary barada belledi.
Ýapon tarapynyň wekilleri Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen “EXPO-2025” Bütindünýä sergisiniň çäginde geçirilen çäreleriň Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen syýasatyny giňden wagyz etmek üçin möhüm platforma hökmünde çykyş edendigini bellediler.